HÜNÄR DEREJESINI KÄMILLEŞDIRMEK
6Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň giň gözýetimli, çuň bilimli
bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz
köp tagalla edýär. Ýaşlaryň bilim derejesini artdyrmaga gönükdirilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy
kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak, bilimi
dünýä ülňülerine laýyk getirmek mugallymlaryň hünär derejesi bilen gönümel baglanyşyklydyr.
Ýakynda
institutymyzyň mugallymlary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda guralan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rus dili mugallymlary üçin hünär derejesini
ýokarlandyryş okuwyna gatnaşdylar. Hünär okuwlary ýokary derejede geçirildi.
Okuw sapaklarynda özleriniň baý tejribeleri bilen institutyň baýry mugallymlary
G.Berdiýew, H.Gylyçhanow, G,Çaryýewa, A.Sahatowa, A.Neženes, N.Titowa we
beýleki professor-mugallymlar paýlaşdylar. Häzirki wagtda rus dilinde bolup
geçýän janly hadysalar barada M.Lomonosow adyndaky MDU-nyň dosenti, filologiýa
ylymlarynyň kandidaty M.Gordiýewskaýa, Sankt-Peterburgyň A.Puşkin adyndaky
döwlet rus dili institutynyň professory L.Seleznýowa onlaýn görnüşde gyzykly
sapaklary geçdiler.
Dursun GELDIÝEWA,
«Dünýä tejribesi öwreniş»
kafedrasynyň mugallymy.