ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDA «ERASMUS+» ALYŞ-ÇALYŞ OKUW MAKSATNAMASY BOÝUNÇA TEJRIBELIK
63 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkiýäniň
Ankara şäheriniň demirgazyk-gündogarynda 140 kilometr we Stambul şäherinden 686
kilometr uzaklykda bolan Çankiri şäherinde ýerleşýän Karatekin uniwersitetinden
(Çankiri Karatekin University) gysga möhletli mugallymçylyk we hünär derejesini
kämilleşdirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» grant alyş-çalyş okuw
maksatnamasynyň ýeňijisi boldum.
«Erasmus+» International Credit Mobility
(ter. Erasmus+ Halkara karz geçirmesi)
taslamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21-nji oktýabryndan 25-nji oktýabry
aralygynda men Türkiýäniň Çankiri şäherindäki Karatekin
Uniwersitetiniň (Çankiri Karatekin University) syýahatçylyk we myhmanhana
menejmenti mekdebiniň (School of Ilgaz Tourism and Hotel Management) syýahatçylyk
menejmenti fakultetinde umumy sapak geçirdim.
Gysga möhletleýin mugallymçylyk
okuwyna bizden başga-da beýleki daşary ýurtlardan hem mugallymlar gatnaşdy:
hanym Juliýa Kigozi – ylymlaryň kandidaty, Uganda döwletiniň Makerere uniwersitetiniň dekany
(Afrika); hanym Fagaýe Wade – Dakaryň Şeýh Anta Diop adyndaky uniwersitetiniň halkara bölüminiň işgäri (Afrika); doktor
Ibragim Omar Ahmet – Somaliý döwletiniň Benadir uniwersitetiniň dekany
(Afrika); jenap Allaa Zaýd – Al-Kudsa Açyk uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça
mugallymy (Palestina).
Birinji gün biziň üçin Utgaşdyryjy
maslahat guraldy, onda biz biri-birimiz bilen tanyşdyk we her birimiz ýokary
okuw mekdebimiz hakynda teswirli görkezme bilen çykyş etdik.
Syýahatçylyk menejmenti
fakultetinde mugallymçylygyň barşynda, men türkiýeli talyplary Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň okuw gurluşy, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk
mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdym. Umumy sapaklarymyň maksady we maksatnamasy
talyplary «Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri», «Syýahatçylyk we dynç
alyş», «Türkmenistanda gezelenç etmek üçin iň gowy ýerler», «Aşgabadyň we Ahal
welaýatynyň esasy syýahatçylyk ýerleri», «Nusaýyň Parfiýa galalary - ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawynyň obýekti», «Balkan welaýaty, Awaza -
Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagy» «Daşoguz welaýaty, Derweze gaz çöketligi.
Köneürgenç - ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň obýekti», «Lebap welaýaty,
Köýtendagyň eňňidindäki dinozawrlaryň platosy», «Mary welaýaty, «Gadymy Merw» taryhy
we medeni seýilgäh - ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň obýekti» ýaly temalar
bilen tanyşdyrmakdan ybaratdy. Agzalan temalar boýunça wideorolikli, teswirli
görkezmeler hem görkezildi.
Umumy sapaklaryma talyplardan başga-da,
Syýahatçylyk we myhmanhana menejmenti mekdebiniň (School of Ilgaz Tourism
and Hotel Management) müdiri jenap Mikail Kara, mugallymlar Ýusuf Ziýa
Akbaş, Çagry Sürüçü, Sibel Sert we beýlekiler gatnaşdy. Syýahatçylyk we
myhmanhana menejmenti mekdebiniň (School of Ilgaz Tourism and Hotel
Management) talyplary we mugallymlary umumy sapaklarymy uly gyzyklanma
bilen diňlediler, temalar boýunça soraglary berdiler we Türkmenistanyň
syýahatçylyk mümkinçiliklerine haýran galdylar. Umumy sapaklaryň dowamynda talyplaryň materialyň mazmunyndan we görkezilişinden
lezzet alandyklary aýdyň göründi.
Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi
hakynda gyzykly materiallary diňlänlerinden soň, syýahatçylyk we myhmanhana menejmenti
mekdebiniň (School of Ilgaz Tourism and Hotel Managemen) talyplary
Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy, binagärligi we syýahatçylygy bilen tanyş bolandygy
sebäpli gözýetimini giňeltdiler. Okuwymyň hemmesini iňlis dilinde geçirmegim iş
tejribämde aýratyn orun eýeleýär.
Syýahatçylyk
we myhmanhana menejmenti mekdebinden başga-da, Karatekin uniwersitetine (Çankiri
Karatekin University), kitaphana we sport merkezine gezelenç geçirildi.
Mundan başga-da, «Türkiýäniň Afrika
ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahata gatnaşdyk, onda öz ýurdumyz hakynda
gürrüň bermegimi haýyş etdiler.
Çankiri Karatekin
uniwersiteti, Türkiýäniň taryhy we medeni baýlyklaryna baý bolan Çankiri şäherinde
ýerleşýär. Bu uniwersitet bilim, ylym, saglygy goraýyş, inženerlik we
jemgyýetçilik ylymlary ýaly giň akademiki ugurlarda bilim maksatnamalaryny
hödürleýär. Çankiri Karatekin uniwersiteti, bilim meselesine talyplara
gönükdirilen çemeleşmesi we ýokary hilli gözleg işleri bilen Türkiýäniň uniwersitetleriniň
arasynda meşhurdyr. Şeýle-de ol ýerli jemgyýet we jemgyýetçilik işleriniň
taslamalaryna gatnaşmagy maksat edinýär.
Uniwersitetiň
akademiki düzümi
tejribeli we abraýly mugallymlardan ybarat. Türkiýäniň ýokary okuw
mekdepleriniň arasynda Çankiri Karatekin uniwersiteti innowasion bilim
çemeleşmeleri we halkara hyzmatdaşlyk taslamalary bilen tapawutlanýar.
«Erasmus +»
halkara hasaplary alyş-çalyş maksatnamasy boýunça biziň üçin Ilgaz dagynyň milli seýilgähine we «Yer Alti
Tuz Şehri» duz känine gezelenç guraldy.
«Erasmus +» Halkara
hasaplary alyş-çalyş maksatnamasy tamamlanandan soň, döwlet uniwersiteti bolan Çankiri Karatekin uniwersitetiniň rektory – professor, doktor
Harun Çiftçi bize «Erasmus+ KA171» Halkara hasaplary alyş-çalyş taslamasynyň
çäklerinde Türkiýäniň Çankiri Karatekin Uniwersitetinde (CAKU)
mugallymlaryň alyş-çalşygy boýunça tejribelik geçendigini tassyklaýan şahadatnamalary
gowşurdy.
Ýewropa
Bileleşiginiň «Erasmus +» alyş-çalyş maksatnamasynyň möhüm bir bölegi hakynda bellemek,
ýagny okatmak üçin dalaşgär saýlanylanda, iň esasy we möhüm kriteriýasy «iňlis
dilinde erkin gürlemek» başarnygydyr. Hawa, hakykatdan hem, daşary ýurt
dillerini öwrenmegiň näderejede möhümdigini öz tejribämde göz ýetirdik, sebäbi
iňlis dilini bilmek dürli halkara taslamalaryna, alyş-çalyş maksatnamalaryna we
maslahatlara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Bu dürli ýurtlardan kärdeşler bilen
tejribe alyşmaga, global meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga
we dünýä ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň alyp barýan bilim syýasatynyň strategiki maksady döwletiň
syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny berkitmek, ýurdy täze ösüş derejesine
çykarmakda ylym we bilim mümkinçiliklerini ulanmak bolup durýar. Dil –
adamlaryň arasynda esasy aragatnaşyk we öňdebaryjy pikirleri beýan etmegiň serişdesi
bolup durýandygy sebäpli, hormatly Döwlet baştutanymyz ýurdumyzda daşary ýurt
dilleriniň öwrenilmegine uly ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda
daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Türkmen
döwlet medeniýet instituty iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmek, talyplaryň
sözleýiş we dil başarnyklaryny gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleri kabul
edýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde
žurnalistikasy» we «Muzeý işi, medeni we tebigy ýadygärliklerini goramak» ýaly
hünär ugurlarynda aýratyn ýykgyn edilýär. Mundan başga-da, okatmagyň usulyýeti
pudagynda dünýä tejribesini öwrenmek, okuw maksatnamalaryny we bilim işiniň
okuw meýilnamalaryny, mugallymlaryň taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyryş
ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz,
yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamlaryny döretmek boýunça işler geçirilýär.
Türkiýäniň Çankiri şäherindäki Karatekin uniwersitetiniň (Çankırı Karatekin
University) syýahatçylyk we
myhmanhana menejmenti mekdebinde (School of Ilgaz Tourism and Hotel
Management) syýahatçylyk menejmenti fakultetinde gysga möhletleýin
mugallymçylygym munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Biz, Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymlary türkmen halkynyň Milli Lideri we hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim ulgamyny, milli medeniýeti
ösdürmek hakynda ýadawsyz aladasy, tejribelik geçmek, tejribe alyşmak, daşary
ýurtda okatmak we dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýeti bilen tanyşmak üçin
berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
MARAL MYRATLYÝEWA,
Dünýä tejribesini öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.