BAÝRAMÇYLYGYŇ ŞANYNA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

71

2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent
münberinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýip yglan edilmegi halkymyzyň Bitaraplyk baradaky ýörelgeleriniň
nobatdaky gezek ykraryna öwrüldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda şanly
Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmen halkynyň parahatçylygy
söýüjilik we ynsanperwerlik taglymaty» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda
institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary «Türkmenistanyň
Bitaraplygy we milli medeniýet» atly bölümiň çäklerinde has işjeň çykyş
etdiler. Baýramçylyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň dowamy talyplaryň aýdym-sazly
çykyşlaryna utgaşdy. Bu bolsa maslahaty şatlyk-şowhun bilen baýlaşdyrdy.



Gülendam ANNAMYRADOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm