FOTOSURATLAR BOÝUNÇA ONLAÝN BÄSLEŞIK
49Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi
mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriniň
talyp ýaşlarynyň arasynda «Ýaşyl dünýä: ýaş fotožurnalistleriň gözi bilen» atly
fotosuratlaryň onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu onlaýn bäsleşige Türkmen döwlet
medeniýet institutyndan, Türkmenistanyň Serhet institutyndan, Türkmenistanyň
Içeri işler ministrliginiň institutyndan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetinden, Türkmen oba hojalyk institutyndan, Türkmen döwlet
maliýe institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan hem
beýleki birnäçe ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar ýurdumyzyň gözel
tebigatynyň täsin ýerlerinden düşüren fotosuratlary bilen gatnaşdylar. Bu
onlaýn bäsleşige hödürlenen fotosuratlaryň her biri özüniň özboluşly
aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bäsleşik has gyzykly hem-de çekeleşikli
ýagdaýda geçdi. Çünki, bäsleşige gatnaşýan talyp ýaşlar sanly ulgamyň
mümkinçilikleri arkaly biri-birleriniň hödürlän fotosuratlaryny synladylar,
halypalardan maslahatlary aldylar. Bäsleşigiň emin agzalary her bir fotosurat
barada özleriniň pikirlerini aýtdylar hem-de talyp ýaşlara bu ugurdan birnäçe
maslahatlary berdiler. Onlaýn görnüşde geçen bäsleşigiň täsirleri Täze ýyl
baýramçylygynyň öňýanynda ýaşlary ene topragymyzy, tebigatymyzy, parahatçylyk
şygaryny has belent ruhda wasp etmäge höweslendirdi.
Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň müdiri.