ÜSTÜNLIKLI ÄDIM
37Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylan taryhy
zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş
nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap usulda bilim bermek, talyp ýaşlary
ylmy gözleglere ugrukdyrmak, şeýle-de saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri
hökmünde ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Aýratyn hem
ýurdymyzda ýaşlarymyzyň arasynda bäsleşikleri geçirip, olardan has-da öňe
saýlanýanlaryny sylaglamak asylly däbe birine öwrüldi.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynda «Paýhasyň gözbaşy – kitap» atly ýokary okuw mekdepleriniň saýlanan
toparlarynyň arasynda döwlet derejesinde bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşikde-de
öz bilim ojagymyzyň adyndan talyp deň-duşlarym bilen öňe saýlanyp, 1-nji orna
mynasyp bolduk. Biz muňa talyp deň-duşlarymyz bilen diýseň begenýäris, buýsanýarys.
Biz – talyp ýaşlaryň zehinlerini açyp görkezmegi ugrunda ähli tagallalary edýän
medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurdumyzy belent
sepgitlere ýetirmek ugrundaky alyp barýan işleri elmydama rowaçlyga beslensin!
Şamyrat ORAZMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
2-nji ýyl talyby.