TÄZE ÝYLA TÄZE BADALGA

84

 



«Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýyly ählimiziň durmuşymyzda şatlykly pursatlara baý ýyl boldy. 2024-nji
ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilim
edaralarynyň mugallymlarynyň, ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň
arasynda jemlenen «Elektron okuw toplumlary» atly bäsleşikde 2-nji orna mynasyp
bolmak bagty miýesser etdi. Bu üstünlik bizi täze «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda» täze üstünliklere ruhlandyrdy. Häzirki wagtda bu ugurdaky
taslamalaýyn işleri dowam etmek bilen talyp ýaşlary degişli hünär ugrumyz bolan
ses režissurasy boýunça täze ylmy işlere ugrukdyryp başladyk. Täze ýylymyz hem
belent üstünlikleriň ýyly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlaryny dowam
etdirmekde mundan beýläk-de zehin-yhlasymyzy gaýgyrmarys.



 



Suraý MAŞAÝEWA,



 Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



 režissura
kafedrasynyň uly mugallymy. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm