HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ, GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
81Türkmenistanyň Bilim
ministriniň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy,
şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan
beýan etmek maksady bilen iş toparyny döretmek, iş toparynyň düzgünnamasyny we
iş topary tarapyndan 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň
meýilnamasyny tassyklamak hakynda” 30.10.2024ý. çykaran 344 belgili buýrugyna laýyklykda
Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda “Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň kitaplary taryhy, edebi we medeni mirasy öwrenmegiň çeşmesidir”
atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahaty Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty
öwreniş ylymlarynyň kandidaty Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýew Gutlag sözi
bilen açdy. Ol dabaraly maslahata gatnaşyjylary Täze 2025-nji ýyl bilen gutlady
we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä
ähmiýetli beýik işler, Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti barada giňişleýin aýtdy.
Rektoryň çykyşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň
bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikdäki teklibini
goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
yglan etdi. Tutuş türkmen halky, ýurdumyzyň ähli ilaty 2025-nji Täze ýyly
ýokary ruhubelentlik, şatlyk-dabara bilen garşylady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň
netijesinde dünýäniň akyldary, nusgaw şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy milli we halkara derejede giňden bellenildi. Söz ussadynyň
hormatyna iri medeni, jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirildi, alymlarymyzyň,
magtymgulyşynaslaryň kitaplary neşir edildi.
Şeýle hem dabaraly maslahatda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Enebaý Garajaýewa
“Müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhymyza syýahat”, Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Ogultagan
Amanowa “Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitaby Magtymgulynyň
eserleriniň dilini öwrenmekde baş çeşmedir”, Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň uly
mugallymy Maral Hojatowa “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman
Arkadagymyzyň kitaplary ýaşlarda şöhratly taryhymyza, medeni mirasymyza
buýsanjy artdyrmagyň ygtybarly çeşmesidir”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Güýçmyrat
Gurbandurdyýew “Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitaby
türkmen sazynyň taryhyny we nazaryýetini öwrenmekde gymmatly çeşmedir”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Orazgözel
Utomyşowa “Paýhasa baý çeşme”, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni
gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral
Hojagulyýewa “Türkmenistan gadymy
medeniýetleriň ojagydyr” diýen temalar boýunça çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly
ajaýyp kitabynda beýan edilen “Magtymguly
Pyragy – beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy
siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin
zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper
teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur... Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen
özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary
pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda
terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin
Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris” diýen ýaly çuň
many-mazmuna ýugrulan sözler dabaraly maslahatda edilen çykyşlaryň içinden
eriş-argaç bolup geçdi.
Dabarly maslahatyň
dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň zehinli talyp ýaşlary beýik
ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala
aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar bilen çykyş
etdiler. Ýokary ruhubelentlige, şatlyk joşgunyna beslenen bu çykyşlar
diňleýjilerde uly täsirleri galdyrdy.
Türkmen döwlet medeniýet instituty.