“MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY”
117HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ
“MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” ATLY KITABYNYŇ
TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmen
döwlet medeniýet institutynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
“Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyny istitutyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň
kandidaty Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýew giriş sözi bilen açdy. Ol öz
çykyşynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji
ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda badalga berlen we amala
aşyrylýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işler, tutuş türkmen
halkynyň, ýurdumyzyň ähli ilatynyň 2025-nji Täze ýyly ýokary ruhubelentlik,
şatlyk-dabara bilen garşylandygy barada
gürrüň berdi.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly
Pyragynyň ady bilen şöhratlanan 2024-nji
ýylyň üstünliklere beslenip jemlenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy
tutuş türkmen halky hem-de daşary ýurtlaryň halklary üçin örän gymmatly sowgat
boldy. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine
bagyşlanan çäreler 2025-nji – Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly
üstünlik bilen dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly
– dünýäniň akyldary” atly täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä
edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin
açylyp görkezilýär. Täze kitap Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly meşhur goşgulary
bilen açylýar.
Kitabyň “Magtymgula düşünmegiň
açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”,
“Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Hakyň hem hakykatyň
ýolunda” atly bölümlerinde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
bilen bagly kabul edilen resminamalarda, gutlaglarda we çykyşlarda beýan edilen
baý ylmy we edebi maglumatlar, pähim-paýhas dürdäneleri akyldar şahyryň baý
döredijiik dünýäsini giňden açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly
– dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasynda Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň mugallymlary Öwezmyrat Öwezow, Handurdy Gurbanow,
Gülbahar Şükürowa, Mähri Pürçekowa hem-de talyplar Akmaýa Döwranowa, Zybagözel
Rejepowa çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň many-mazmun
baýlygy, terbiýeçilik gymmaty barada belent buýsanja, uly joşguna beslenen
ýürek sözlerini beýan etdiler.
Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň zehinli talyp ýaşlary beýik ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistan Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini wasp edýän
aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Ýokary ruhubelentlige, şatlyk joşgunyna
beslenen bu çykyşlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Gülendam
ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.