DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIJI BOLDUM
14642025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet unwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan tutymly işleriň mynasyp waspyny ýetirmek,
ýaşlary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary
okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Döwrüň özgertmeleri –
ýaş žurnalistleriň gözi bilen” atly makala ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy geçirildi.
“Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy hem-de Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet unweristeti tarapyndan bilelikde gurnalan döredijilik
bäsleşigi 1-nji we 2-nji derejeler boýunça geçirilip, 1-nji derejä žurnalistika
hünärinde, 2-nji derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar.
Döredijilik bäsleşigine men hem 2-nji dereje boýunça gatnaşdym
we 3-nji orna mynasyp boldum.
Men şu bäsleşikde ýeňiji bolanyma diýseň begenýärin. Biz
talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga uly
mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, alyp
barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Çynar RAHMANOWA,
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk
fakultetiniň resminama we
arhiw öwreniş
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.