«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» MYNASYBETLI ÇÄRELER
1449«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlardyr
dabaraly çäreler ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, kärhanalarynda hem giňden
ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle ýygnanyşyklar Garaşsyz Watanymyzyň halkara
hyzmatdaşlygynyň ösüşlerindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de uludan
dabaralandyrmakda uly mazmuna eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynda geçirilen ««Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» – göwünleriň joşguny» atly dabaraly çärede parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň
rowaçlandyrylmagynda milli
medeniýetimiziň orny hakyndaky söhbetlere giň orun berildi. Bu maslahata
institutyň halypa mugallymlary B. Annabaýewa, M. Hojagulyýewa we H. Gurbanow
gatnaşdylar hem-de maddy we ruhy medeniýetiň dünýä ýaýylmagynda bu ýylyň
aýratynlygy barasynda täsirli çykyş etdiler. Gyzykly söhbetleriň arasynda
institutyň bagtyýar talyp ýaşlary
aýdym-sazlar bilen çykyş edip, olaryň ýürek joşguny hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.
Çäräniň
dowamynda institutyň aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, medeni guramaçylyk işi
kafedrasynyň uly mugallymy M. Abaýew, režissura kafedrasynyň mugallymy R.
Hojanyýazow hem çykyş etdiler.
«Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli guralan bu çäre hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň
dabaralarynyň hem başlangyjyna öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzda milli medeniýetimiziň
wagyz edilmeginde alnyp barylýan işleriň mynasyp dowamydyr.
Mahym
ESENOWA,
Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanaçylyk
fakultetiniň kitaphana maglumat işleri
taýýarlyk
ugrunyň 3-nji ýyl talyby.