BEDEW BAÝRAMYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

136

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Garaşsyz Türkmenistan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny dowam
etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
milli, ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açylýar.
Türkmeniň
dünýä gymmatlygyna goşan ajaýyp bedewleri biziň milli mirasymyzyň göz guwanjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň okyjylara peşgeş eden “Atda wepa-da bar, sapa-da”,
“Gadamy batly bedewler” ýaly ajaýyp kitaplary häzirem uly gyzyklanma bilen
okalýar. Çünki, behişti bedewlerimiz bütindünýä gymmatlyklarynyň bahasyz
sungatydyr.
 Ýaňy-ýakynda hem “Galkynyş” milli
at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde 47-nji Halkara sirk sungaty
festiwalynda çykyş etdiler. Bu festiwala gatnaşan ýaş ýetginjeklerimize eminler
tarapyndan berlen baha ýurdumyzyň medeniýetine berlen bahadyr. Türkmen döwlet
medeniýet institutynda okaýan talybyň hem şol toparda çykyş edýändigi bizi
diýseň begendirdi, buýsandyrdy.

          Bedew at halkyň asyrlar boýy
taplan ajaýyplygy, türkmenler üçin toý gününde dost, ýow gününde
ýoldaş-syrdaşdyr. Bedew atlar seýisçiler tarapyndan ideg edilip ýetişdirilýär.
Bu gün toýy toýlanyp, türkmen bedewiniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Institutymyzda
bu baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çäreler, gepleşikler we ýörite
dokumental film taýýarlanyldy. Dokumental film 100 ýylyň dowamynda ahalteke
bedewlerine bagyşlanan filmler barada gürrüň berýär. Ony halypa mugallym
M.Orazowyň ýolbaşçylygynda kino režissurasy taýýarlyk ugrunyň talyplary
taýýarladylar.
          Her ýylyň aprel aýynyň soňky
ýekşenbesinde toýlanylýan türkmen bedewiniň milli baýramy mübärek bolsun! Milli
baýramymyz bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!



                                                                                 Mamajan BAÝLYÝEWA,



                                                             Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm