BILIMLI ÝAŞLAR - WATAN GUWANJY

124

Ýaşlaryň öz ukyp –
başarnyklaryny we  zehinlerini ýüze
çykarmagy we jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmagy, ýaşlaryň Watana söýgi
we  wepalylyk duýgusyny, Watanyň
bähbitlerini goramaklyga  we raýatlyk
borçlaryny ýerine ýetirmeklige  bolan
jogapkärçilikli garaýyşlaryny terbiýelemek maksady bilen, şeýle  hem Türkmenistanda Ýaşlar baradaky  döwlet syýasatynyň  2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynda ýaşlaryň arasynda 
döredijilik bäsleşikleri guramak we täze zehinleri  ýüze çykarmak 
bilen  bagly wezipelerini  üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaş nesillerimizde  ata Watanymyzyň  taryhy ösüşiniň  esasy maksatnamalaryna,  üstünlikli durmuşa geçirilýän  döwlet 
syýasatyna  bolan buýsanç
duýgusyny  terbiýelemek,  ýaş wagyzçylaryň  we suhangöýleriň  täze nesilini kemala  getirmek we 
bu ugurda  öňdebaryjy
ýaşlaryň  goruny döretmek maksady  bilen  Türkmen
döwlet medeniýet  institutynda  2025-nji ýylyň aprel aýynyň  24-25-ine «Suhangöýlik sungaty» atly  bäsleşik geçirildi.



        Bu
bäsleşik  talyplaryň arasynda uly  gyzyklanma 
döretdi.   Düzgünnama  
laýyklykda  bäsleşik   iki
tapgyrda geçirilip,  birinji  tapgyrynda 
bäsleşige  gatnaşyjylar  «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti», «Türkmen
dili», «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» derslerinden hem-de Türkmenistanyň
daşary syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gymmatly eserleri boýunça sowalnama  jogap berip, 
ikinji tapgyrynda  bolsa   «Türkmenistanyň  daşary syýasaty we hemişelik  Bitaraplygy» 
atly tema boýunça çykyş edip, öz mümkinçiliklerini görkezmäge  çalyşdylar. Şeýle-de bu tapgyrda  gatnaşyjynyň meýilnamalaýyn çykyşyndan soň,
oňa  eminler toparynyň başlygy
tarapyndan   özüne mälim bolmadyk   bir
tema  berlip,  bäsleşige gatnaşyjy improwizasiýa görnüşinde
öz çykyşyny dowam etdirdi.



         Bäsleşigiň  örän 
gyzykly  geçendigini  bellärliklidir.  Bu bäsleşikde 
talyp  ýaşlarymyz   öz 
bilim derejelerini  we
başarnyklaryny   degerli derejede  görkezmegi 
başardylar.  Bäsleşigi  jemleri boýunça  ýokary netije görkezen ýaşlar  ýeňiji diýip yglan edildi, Bäsleşikde:



    birinji 
ýeri
  -  kitaphanaçylyk fakultetiniň resminama we
arhiw öwreniş  taýýarlyk ugrunyň 3-nji
talyby Kuwwadowa Aýnabat  hem-de Teatr sungaty fakultetiniň yşyklandyrma
 tehnologiýasy  taýýarlyk ugrunyň 2-nji talyby Gullyýew Akmyrat;



     ikinji ýeri – kitaphanaçylyk
fakultetiniň kitaphana işi taýýarlyk ugrunyň 2-nji talyby Aşyrowa Leýli;



     üçünji 
ýeri
-  teatr sungaty
fakultetiniň teleradiogepleşikleri alyp barmak 
taýýarlyk ugrunyň 1-nji talyby Azadowa  Dünýägözel  eýelemegi 
başardylar.   



   



   Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň  «Ýaş wagyzçylar» toparynyň agzasy bolmaga
hukuk  gazandylar  hem-de Türkmen döwlet medeniýet  institutynyň Hormat  hatyna 
mynasyp  boldular.



 Ejebaý AŞIROWA,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



jemgyýeti öwreniş
ylymlary



 kafedrasynyň uly mugallymy. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm