PARAHATÇYLYK HAKYNDA TÄSIRLI SÖHBET

128

2025-nji ýylyň 18-nji
aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny mynasyp
garşylamagyň meýilnamasynyň çäklerinde, «Medeniýet – parahatçylygyň,
dost-doganlygyň mizemez binýady» atly söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligi
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylmy bölüminiň başlygy, sungaty öwreniş
ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa alyp bardy, şeýle-de oňa institutyň
mugallymlary Maral Hojagulyýewa, Bägül Annabaýewa, Handurdy Gurbanow  gatnaşdylar. Söhbetdeşligi sungaty öwreniji
alym S. Janmämmedowa açyp, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ahlaky
mazmunynyň bardygyny, bu jümleleriň gözbaşynyň eneleriň päk arzuwlary bilen
baglanyşyklydygy hakynda aýratyn belledi. Soňra B. Annabaýewa çykyş edip,
türkmen halkynyň ruhy medeniýeti barasynda giňişleýin gürrüň berdi. Ruhy
medeniýetiň önümleriň bolan söz sungatynyň ajaýyp nusgalary hökmünde gadymy
dessanlaryň, dürli görnüşdäki sungat eserleriniň mazmuny barasynda giňişleýin
beýan etdi. Şeýle hem ruhy medeniýetiň häzirki döwre çenli gelip ýetmeginde,
söz sungatynyň aňyrsynda ajaýyp nusgalarynyň geljekki nesillere ruhy gözellik
täsirliligi bilen ýetirilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňňän uly
yhlasynyň ýatandygyna ünsi çekdi. M. Hojagulyýewa hem öz çykyşynda milli
mirasymyzy öwrenmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu telesöhbetdeşlik institutyň
mugallymy H. Gurbanow bilen taýýarlanan interwýu arkaly hem dowam etdi.
Söhbetdeşlige gatnaşan mugallymlar medeniýet diýen giň düşünjäniň parahatçylyk
we ynanyşmak taglymlarynyň dabaralandyrylmagyndaky orny barasynda täsirli
maglumatlary köpçülige ýetirdiler.



«Medeniýet –
parahatçylygyň, dost-doganlygyň mizemez binýady» atly söhbetdeşlik örän täsirli
geçdi.



Yhlas ABAKOW,



Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň



telewideniýe režissurasy
taýýarlyk ugrunyň



3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm