ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITABY HAKYNDA MASLAHAT
1562025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmen
döwlet medeniýet institutynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly –
dünýäniň akyldary» kitaby medeni mirasy öwrenmegiň çeşmesidir» atly ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly mejlisler zalynda
geçirilen açylyş dabarasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.D.Aýdogdyýew giriş sözi bilen çykyş
etdi.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy Ý.Şadurdyýew “Magtymgulynyň keşbi kino sungatynda”,
institutyň ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgäri B.Gurbanowa “Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitabynda medeni gymmatlyklar”,
medeniýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy A.Hojamowa “Magtymguly Pyragy we ruhy
medeniýet”, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy G.Şukurowa
“Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde umumadamzat ahlak gymmatlyklary”,
medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugrunyň magistranty O.Muradow “Daşary ýurtlarda
Magtymgulynyň edebi mirasyna goýulýan sarpa” (Ylmy ýolbaşçysy: O.Gojaýewa,
maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri) diýen temalar boýunça çykyş etdiler.
Soňra ylmy-amaly maslahat onuň
maksatnamasyna laýyklykda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly –
dünýäniň akyldary» kitaby we milli medeniýet» atly bölümde institutyň kiçi
mejlisler zalynda dowam etdi (Başlyk: B.Kurbanýazowa, medeni gymmatlyklary
rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň uly mugallymy. Kätip: O.Käbäýewa, teatr
sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby).
Ylmy-amaly maslahatyň bölüminde
institutyň mugallymlarynyň 7-si (B.Kurbanýazowa, H.Gurbanow, B.Ataýewa,
Ş.Mollaýewa, G.Hojaniýazowa, Ç.Berkeliýewa, R.Hojaniýazow), talyplaryň 2-si
(B.Allaberdiýewa, O.Käbäýewa), magistrantlaryň 2-si (A.Seýitberdiýewa,
B.Ataýewa) Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň akyldar şahyra bagyşlanan kitabynyň baý many-mazmuny,
edebi-çeperçilik, terbiýeçilik gymmaty barada ylmy çykyşlar etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly
Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Magtymguly – dünýäniň
akyldary» atly kitapda beýan edilýän pähim-paýhaslar, gymmatly maglumatlar
baradaky ylmy pikirler we ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna ýurdumyzda
döredilen şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş
sözleri çykyşlarda giňden beýan edildi.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň
Ylym bölümi.