ŞYGYR BÄSLEŞIGINDE PARAHATÇYLYGYŇ WASPY
209Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen
çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda şu ýylyň 26-njy
aprelinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik
Bitaraplygymyzy, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt
bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk,
ynanyşmak, dostluk-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini wasp edýän goşgulary döretmek boýunça “Ýaşasyn parahat
durmuş – Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy” atly goşgy düzmek bäsleşigi geçirildi.
Meýilnama laýyklykda bäsleşigiň Düzgünnamasy
taýýarlanylyp, onda bäsleşigi geçirmegiň maksady, wezipeleri, bäsleşige
gatnaşmagyň şertleri beýan edilip, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine
degişli möhletde ýetirildi. Bäsleşik barada maglumatlar internet ulgamynda
ýerleşdirildi.
Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň,
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara,
dünýä ähmiýetli beýik işleriniň, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň taryhy
ähmiýetini wagyz etmek;
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň çeper edebiýata, söz sungatyna, şahyrana
eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, döredijilik zehin-ukyplaryny aýan
etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak
ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz
Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize guwanjy, buýsanjy
terbiýelemek;
Türkmenistanyň Prezidenti
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý watançylyk many-mazmunly
eserleriniň ähmiýetini wagyz etmek we olaryň mysalynda ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny
kämilleşdirmek;
ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklaryny üpjün
etmek;
aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň
Düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşyjylar:
öz goşgusyny türkmen dilinde ýatdan, täsirli
okamak;
türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň bäsleşigiň Düzgünnamasynda beýan edilen many-mazmunly
goşgularyndan birini ýatdan labyzly okamak we goşgynyň çeperçiligi barada öz
pikirini beýan etmek boýunça ukyp-başarnygyny, zehinini görkezdiler.
Bäsleşikde «Adalat» gazetiniň işgäri, şahyr A.Garlyýew eminler toparyna
başlyklyk etdi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň
işgäri, ýazyjy O.Gaşlakowa hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty, şahyr
T.Sadykow emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-syndan zehinli talyplar gatnaşdylar
we olar Düzgünnamada bildirilýän talaplara laýyklykda eminler toparynyň çözgüdi
boýunça şu aşakdaky ýerlere we baýraklara mynasyp boldular:
1. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby
Oguljeren Käbäýewa – 1-nji ýer.
2. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby Nurmyrat
Aşyrow – 2-nji ýer.
3. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl
talyby Selim Hallyýew – 2-nji ýer.
4. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
2-nji ýyl talyby Begenç Baýramow – 3-nji ýer.
5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň
4-nji ýyl talyby Mekan Mämedow – 3-nji ýer.
6. Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Maksat Akmyradow – 3-nji
ýer.
7. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby
Oguljennet Meredowa – höweslendiriji baýrak.
8. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň 3-nji ýyl talyby Bahargül
Halykgulyýewa – höweslendiriji baýrak.
9. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
2-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa – höweslendiriji baýrak.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mejlisler zalynda geçirilen
bäsleşikde baýrakly ýerlere mynasyp bolan talyplara Hormat hatlary,
Minnetdarlyk hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
aýdym-saz toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň öňünde aýdym-sazlar bilen
çykyş etdiler.
Bäsleşigiň geçirilişi «Aşgabat» teleýaýlymy
tarapyndan ýazgy edildi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölümi.