ŞANLY ÝEŇŞIŇ WASPY
751941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmen halkynyň watansöýüjilik, gahrymançylyk ýörelgeleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly mejlisler zalynda geçirilen açylyş dabarasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.D.Aýdogdyýew giriş sözi bilen çykyş etdi.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uly mugallymy A.Pälwanowa “Gahrymanlar biziň hakydamyzda”, kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi M.Sarykulow “Bakylyk aýdymy”, medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy Ş.Mollaýewa “Watan gerçekleri halkyň hakydasynda”, syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy A.Ahmedowa “Ýeňiş bilen ýetdik uly bagta biz”, medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugrunyň magistranty A.Öwezow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar!” (Ylmy ýolbaşçysy: T.Ataýewa, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedranyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty), kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Z.Rejepowa “Ýeňiş güni – hatyranyň mizemezligi” (Ylmy ýolbaşçysy: E.Garajaýewa, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedranyň uly mugallymy) diýen temalar boýunça çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra oňa gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny diňlediler.
Soňra ylmy-amaly maslahat onuň maksatnamasyna laýyklykda 2 bölümde dowam etdi.
Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly mejlisler zalynda dowam eden “Beýik Ýeňşiň gahrymanlary” atly I bölüminiň (Başlyk: O. Çaryýewa, maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi. Kätip: N.Löllekow, medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugrunyň magistranty) işine Türkmen döwlet medeniýet institutyndan 5 mugallym, 7 talyp, 2 magistrant, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan 1 mugallym, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan 1 mugallym, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 1 talyp, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutyndan 1 talyp 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş we onuň taryhy ähmiýetine bagyşlanan baý many-mazmunly, watançylyk, gahrymançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli ylmy çykyşlar bilen işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň institutyň kiçi mejlisler zalynda geçirilen “Edermenleriň hatyrasy” atly II bölüminiň (Başlyk: G. Pirjanowa, myhmanhana işewürligi kafedrasynyň mugallymy. Kätip: E.Ataýew, teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby) işine Türkmen döwlet medeniýet institutyndan 10 mugallym, 7 talyp, 2 magistrant, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 1 talyp 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş we onuň taryhy ähmiýetine bagyşlanan ylmy çykyşlar bilen işjeň gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplarynda beýan edilýän watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, terbiýeçilik ähmiýetli pähim-paýhaslar, gymmatly maglumatlar, merdana pederlerimiziň Beýik Watançylyk urşy döwründe görkezen mertliginiň, gahrymançylygynyň, zähmetsöýerliginiň hatyrasynyň bagtyýar nesiller tarapyndan belent tutulyşy, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli amala aşyrylýan beýik işler, şanly baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän dürli çäreler, dabaralar barada ýürek joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyk sözleri ylmy çykyşlaryň dowamynda giňden beýan edildi.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym bölümi.