KITAPHANAÇYLARYŇ GURNAGY
51 Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň kitaphana işi we kitaphana maglumat
işi taýýarlygyň ugrunyň 1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda «Kitaphana
rowaçlyga badalga» atly gurnak her hepdäniň çarşenbe güni geçirilýär.
Biz talyp ýaşlar
hökmünde ele aljak hünärimizi doly we dogry öwrenmek üçin gurnaga işjeň
gatnaşýarys. Her hepdäniň çarşenbe güni örän täsirli we gyzykly geçirilýän bu gurnaga sabyrsyzlyk bilen
garaşýarys. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
geçirilýän bu gurnakda kitaphana
işgärleri uly höwes bilen kitaphananyň ähli işleri bilen tanyşdyryp,
gyzykly söhbetdeşlikler bilen biz talyp
ýaşlarda öz hünärimize bolan höwesi has-da artdyrýarlar. Gurnagyň dowamynda öz hünärimiz bilen bagly
ähli soraglarymyza jogap tapýarys. Mundan başga-da, gurnakda geçirilýän gyzykly
duşuşyklar we bäsleşikler gurnagyň täsirli geçmegine sebäp bolýar. Geçirilen
bäsleşiklerde kitaphana işi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň paýhas çeşmesinden syzylyp çykan ajaýyp eserleri bilen bagly
soraglar berildi. Bu soraglara dogry jogap berip, baýrakly orna mynasyp bolmak
meniň hem bagtymyň paýyna düşdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz – talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge we
döretmäge döredýän şeýle mümkinçilikleri üçin ýaş kalbymdan köp sagbolsunlar aýdýaryn!
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama
rowaçlyklara beslensin!
Zibagözel REJEPOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanaçylyk fakultetiniň
kitaphana işi taýýarlygyň
ugrunyň 3-nji ýyl talyby.