«BITARAPLYK – BERKARARLYK BINÝADYMYZ» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI
61Ýurdumyzda 2025-nji
ýylyň şygarynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy
hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
meýilleşdirilen çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda şu ýylyň
15-nji maýynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik
Bitaraplygymyzy, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt
bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk,
ynanyşmak, dostluk-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini wasp edýän goşgulary
döretmek boýunça “Bitaraplyk – berkararlyk binýadymyz” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Meýilnama laýyklykda
bäsleşigiň Düzgünnamasy taýýarlanylyp, onda bäsleşigi geçirmegiň maksady,
wezipeleri, bäsleşige gatnaşmagyň şertleri beýan edildi we olar ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerine degişli möhletde ýetirildi. Bäsleşik barada
maglumatlar internet ulgamynda hem ýerleşdirildi.
Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik
Bitaraplygymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt
bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň, ýurdumyzda gazanylýan
ösüşleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek;
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň çeper edebiýata, söz
sungatyna, şahyrana eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, döredijilik
zehin-ukyplaryny aýan etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine,
ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine
ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize
guwanjy, buýsanjy terbiýelemek;
Türkmenistanyň
Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň we ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý watançylyk
many-mazmunly eserleriniň ähmiýetini wagyz etmek we olaryň mysalynda ýaşlaryň
zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmek;
ýaşlaryň özara tejribe
alyşmaklaryny üpjün etmek;
aýratyn zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak;
döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady
bilen geçirildi.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşyjylar:
öz goşgusyny
türkmen dilinde ýatdan, täsirli okamak;
türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bäsleşigiň Düzgünnamasynda beýan
edilen many-mazmunly goşgularyndan birini ýatdan labyzly okamak we goşgynyň
çeperçiligi barada öz pikirini beýan etmek boýunça ukyp-başarnygyny, zehinini
görkezdiler.
Bäsleşikde “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş
redaktory Gülsoltan Annagulyýewa eminler toparyna başlyklyk etdi, Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň degişli ugurdan sapak berýän mugallymlary emin
agzalary hökmünde gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary
okuw mekdepleriniň 8-isinden
zehinli talyplar gatnaşdylar we olar Düzgünnamada bildirilýän talaplara
laýyklykda eminler toparynyň çözgüdi boýunça şu aşakdaky ýerlere we baýraklara
mynasyp boldular:
1-nji orun – Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň talyby Gylyjow Diýar;
2-nji orun –
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Ödäýew Guwanç;
3-nji orun – Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Saryýew Umyt;
Minnetdarlyk haty –
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Mahmedowa Enejan;
Minnetdarlyk haty – Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şyhberdiýew Röwşen;
Minnetdarlyk haty –
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Hallyýew Selim;
Minnetdarlyk haty –
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby
Guwanjow Daýanç;
Minnetdarlyk haty – Maýa
Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Baýramowa Medine.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mejlisler
zalynda geçirilen bäsleşikde baýrakly ýerlere nynasyp bolan talyplara Hormat
hatlary, Minnetdarlyk hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň aýdym-saz toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň öňünde
aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Bäsleşigiň geçirilişi
“Ýaşlyk”, “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi we teleýaýlymda
görkezildi.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň
Ylym bölümi.