«AÇYK GAPYLAR GÜNI» TÄSIRLI GEÇDI
74Ýakynda Türkmen
döwlet medeniýet institutynda «Açyk gapylar güni» geçirildi. Günüň dowamynda
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dürli ugurlar boýunça bilim alýan talyp
ýaşlary görkezme çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bu çäre mynasybetli
köpugurly sergi guraldy. «Açyk gapylar gününe» paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synpda okaýan
okuwçylary, Türkmenistanyň Telewideniýe, kinematografiýa we radiogepleşikler
baradaky Döwlet komitetiniň ýörite tehniki okuw mekdebiniň talyplary geldiler.
Mundan başga-da, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar hem bu çärelere uly
gyzyklanma bildirdiler. Mahlasy, Türkmen döwlet medeniýet institutynda
geçirilen «Açyk gapylar güni» gyzykly konsertleri we ýatda galyjy pursatlary
özünde jemledi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölümi.