«TALYP JOŞGUNYNYŇ» BELENT OWAZY

160

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň» her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Parahatçylygyň owazy giň
äleme ýaň salýar. Bagtyýarlygyň aýdymy ýürekleri joşduryp, şeýle owadan, ajaýyp
Watanyň goýnunda asuda, erkana ýaşaýan her bir ynsanyň köňlünde buýsanç
döredýär. Aýratyn hem, ýaş-nesilleriň köňüllerinde dörän buýsanç çuňňur söýgä
ýugrulandyr.



  
       Ynha, bu gün hem Türkmen
döwlet medeniýet institutymyzda «Talyp joşguny» atly döredijilik bäsleşigi uly
şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu ajaýyp döredijilik bäsleşiginde
institutymyzyň talyp ýaşlary birnäçe täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bagtyýar döwürden ylham alýan bagtly talyplarymyz köňül buýsançlaryny
Watanymyzy wasp edýän aýdymlar bilen beýan etdiler. Soňra bilim ojagymyzyň
«Miras» folklor toparynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlara tomaşa etdik. Mundan
başga-da, talyp ýaşlarymyz gysga sahna eserlerini ýerine ýetirip, ukyp
başarnyklaryny görkezdiler.



 
        Biziň institutymyz şeýle
ajaýyp döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli gurap durýar. Döredijilik bilen
meşgullanýan talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezip, köpçülige
ýetirmek ýaly uly işleri alyp barýar. Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy
bolsa, bellibir derejede talyp ýaşlaryň döredijilige bolan höwesiniň artmagyna
ýardam berýär.



 
        Umuman, biziň bilim
ojagymyzda geçirilen bu çäräniň maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim
ulgamyna geçirýän özgertmeleriniň netijeli dowam etmeginden ybaratdyr. Biz,
bagtyýar ýaşlar okamagymyz, öwrenmegimiz, döretmegimiz üçin döredilip berilýän
mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden sag bolsunymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman
bolsun!



Uzuk NOWRUZOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



 teatr
sungaty fakultetiniň



drama režissurasy taýýarlygy ugrunyň



2-nji ýyl talyby.



 Kärdeşler
arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm