Türkmen döwlet medeniýet institutynda antropolog Orazmuhammet Babakowyň 90 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

17
Ýaňy-ýakynda Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda institutyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň belli antropolog alymy Orazmuhammet Babakowyň 90 ýyllygyna bagyşlanan «Dünýäniň antropologiýa ylmyna türkmen alymynyň goşandy» atly maslahat geçirildi.
Maslahata institutyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymlarydyr talyplary bilen birlikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar. 
Orazmuhammet Babakow 1935-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dünýä inýär. Onuň maşgalasy örän uly bolup, Orazmuhammet maşgalasynda 8-nji çaga bolupdyr. Ol, ilki, bilimi boýunça hirurg bolup, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda işe başlaýar. Ol ýerde iki ýyl işländen soňra Moskwada 3 ýyllap aspiranturada okaýar. Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna işe girip, şol ýerde tä ömrüniň ahyryna çenli üstünlikli zähmet çekýär. Orazmuhammet Babakow 86 ýaşynda aradan çykýar. Onuň 1977-nji we 1988-nji ýyllarda ylmy kitaplary çap edilýär. Şeýle hem ol ýüzlerçe ylmy makalalaryň hem awtorydyr. 
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Orazmuhammet Babakow öz ömrüni antropologiýa ylmyna bagyşlan alym. Şeýle hem diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem dünýäniň antropologiýa ylmyna uly goşant goşan alym diýsek hem hakykatdan daş düşmeris. Hakykatdan hem, maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu alyma diňe bir ylym tarapdan alym däl-de, adamkärçilik, ynsanperwerlik, watansöýerlik tarapdan hem uly alym diýmek bolar. Munuň şeýledigine onuň bilen bile işlän adamlaryň, häzirki wagtda Orazmuhammet Babakowyň halypalyk ýoluny mynasyp şägirtlik bilen ýerine ýetirýän TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň arheologiýa bölüminiň esasy ylmy işgäri Oraznabat Saparmämmedowanyň örän täsirli çykyşynda göz ýetirmek bolýar. Oraznabat Saparmämmedowanyň çykyşynyň dowamynda Orazmuhammet Babakowyň ýaşlyk döwründen başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli ýerine ýetiren işlerini, ylmy açyşlaryny, belent adamkärçiligini subut edýän fotosuratlary görkezmegi maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy. 
Soňra maslahatda Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ejegül Myradowa «Orazmuhammet Babakowyň meýdan antropologiýasyndaky orny» atly temada çykyş edip, belli antropolog L.W.Oşaniniň şägirdi bolan Orazmuhammet Babakowyň ylmy işleri, taryhy açyşlary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. 
Bulardan başga-da, Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri Şöhrat Annataganowyň, Mährijemal Bekjäýewanyň, Nygmatylla Amanlyýewiň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ogulgurban Allanazarowanyň çykyşlary örän täsirli boldy. Olar belli antropolog Orazmuhammet Babakowyň ömür ýoly, ylmy döredijiligi, maşgalasy baradaky birnäçe gyzykly gürrüňler berdiler.
Elbetde, türkmen alymlary barada şeýle gürrüňleri diňläniňde, dünýäniň ylmyna öz mynasyp goşantlaryny goşup bilen türkmen alymlarymyzyň bolandygyna, häzirki wagtda hem olaryň yzyny dowam etdirijileriň bardygyna bolan buýsanjyň artýar. Şunuň bilen birlikde hem şeýle maslahatlar biz – ýaşlarda öz hünärimize bolan höwesimizi, ata Watanymyzyň ylmy üstünliklerine goşant goşmaga bolan yhlasymyzy has-da artdyrýar. Biz hem geljekki arheologlar hökmünde okamak, döretmek, bilim almak üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklere, halypa mugallymlarymyz tarapyndan bildirilýän uly ynama jogap edip, bilimimizi artdyryp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, ylym-bilim dünýäsinde ösüşleriň bedew bady bilen öňe gitmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun! 

Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm