GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE

181
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda il bähbitli bimöçber işler alnyp barylýar we jemgyýete ösmegine täsirini ýetirýän dürli çäreler durmuşa geçirilýär. 
Şeýle çäreleriň biri hem ýaňy-ýakynda ajaýyp Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň ilkinji zenanlar guramasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresidir. 
Çärede çykyş edenler adamyň içki dünýäsini, ruhy-ahlak ýaşaýşyny kadalaşdyrmakda milli ahlak gymmatlyklarynyň tutýan ornuny aýratyn bellemekleri, özleriniň many-mazmuna ýugrulan takyk, ylmy pikirleri we durmuş tejribelerine esaslanyp aýdanlary hem-de il içinde duş gelýän wakalardan umumy mysallar getirmekleri, peýdaly maslahatlary ündemekleri talyp gyzlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Olar çykyşlarynyň dowamynda görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiziň diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem ýaşlaryň arasynda nusga bolýandygyny, gyz-gelinlerimize mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, edeplilik, sadalyk, pespällik, ýumşaklyk, mähirlilik ýaly endikleriniň gülden näzik gyzlarynyň aňyna körpejeliginden başlap guýulýandygyny, bu bolsa olaryň uly gyz çykanlaryndan soň mähek daşy ýaly menikli maşgala bolmaklaryna ýardam edýändigini nygtadylar. 
Hakykatdan-da “Gyz edebi – gyzyl, aýal edebi – altyn” diýýän türkmeniň aýal-gyzlarynda aýratyn özboluşly miras galan millilik, medeniýetlilik, edalylyk, milli terbiýeden gözbaş alýan edep-ekramlylyk, sözleýiş we geýniş medeniýeti, eli çeperlik, gaýratlylyk, wepadarlyk, päk ahlaklylyk, ak göwünlilik ýaly gowy häsiýetler bar. Agraslyk, kalp päkligi, utanjaňlyk, edep-haýalylyk, gyzyldan gymmatly sadalyk türkmen zenanynyň ozaldan süňňüne ornan.
Çäräniň ahyrynda, many-mazmuna baý bolan terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlary üçin gelen myhmanlara hoşallyk bildirip, “Kino we teleradio sungatlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Kulowa özüniň ajaýyp goşgusy bilen wagyz-nesihat çäresini jemledi.
Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň edara, guramalarynda bolşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerinde-de ýygy-ýygydan şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi hem-de zenan mertebesiniň belende göterilmegine we olaryň  çekýän zähmetine sarpa goýulmagyna döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
“Teatr sungaty” fakultetiniň
“Dramaturgiýa” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm