TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

181
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ulgam ýyl-ýyldan täze derejelere çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwrüň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş we saglygy dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, derman senagatynyň önümçiliginiň artmagy, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde wajyp ähmiýete eýedir. 
Ynha, her bir güni şanly senelere beslenýän Watanymyzda şu ýylyň 18-nji oktýabrynda biziň ajaýyp bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň Diýarymyzyň  ösümlik dünýäsiniň aýratyn we özboluşly, hakyky ensiklopediýasydygy hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatynda ýetilen sepgitlere bagyşlanandygy, olaryň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda bitirilen ägirt uly işleriň anyk subutnamalaryny, statistiki maglumatlary özünde jemleýändigi, bu kitaplaryň saglygy berkitmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrülendigi, onuň gymmatly ähmiýeti hakynda joşgunly we mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň nobatdaky täze jildi “Dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasy” we “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybarat. Kitabyň baplarynda 107 sany dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlary ýerleşdirilip, olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, düzümi, taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş usullary yzygiderlikde beýan edilen. 
“Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby bolsa,  jemi 22 bölümden ybarat. Ol “Il saglygy – ýurt baýlygy” atly bölümden başlanýar. Her bölümde jikme-jik maglumatlar görkezilýär. Lukmançylyk desgalary, keseliň öňüni almak, eneleriň, çagalaryň saglygyny goramak we beýleki milli saglygy goraýyş gulluklarynyň ösüşleri, alyp barýan işleri barada-da maglumatlar beýan edilýär we “Saglygy goramak döwletiň baş wezipesi” atly bölümi bilen jemlenýär. Bu ajaýyp kitaplar türkmen, iňlis we rus dillerine terjime edilen. Lukmançylyk mirasy hakyndaky “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly bu  gymmatly saglyk çeşmeleri biz talyp ýaşlaryň hem ýankitabymyza öwrüldi.
Halkymyzyň saglygyny gorap, bagtyýar, sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan köptaraply işleri we döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
“Teatr sungaty” fakultetiniň
“Dramaturgiýa” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm