BUÝSANÇLY ÝEŇIŞLERIMIZ
788Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asmany asuda, Zemini parahat
gözel Diýarymyzyň her bir güni ösüşlere beslenýär. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ähli ugurlarynda beýik işler
alnyp barylýar. Aýratyn hem, ylym-bilim ulgamynda ýaşlar üçin edilýän
tagallalar, döredilip berilýän mümkinçilikler bagtyýar nesilleriň ýüreklerine
hyjuw berip, has kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.
Elbetde, zehinli ýaşlaryň kemala gelip, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi
üçin, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
edýän işleri uly bolup durýar.
Ýaňy ýakynda hem,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
döredilen güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikde, Türkmen döwlet medeniýet
institutymyzyň mugallymy Kerwen
Şamyradow hem-de abraýly okuw mekdebimiziň bagtyýar talyplary Nursoltan Derýaýewa, Süleýman Haýdarow,
Aýgül Kakaýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen belent ada
mynasyp boldular. Bu baýraga mynasyp bolmak durmuşyň ajaýyp pursatlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara şeýle uly ynam bildirmegi, her bir ugurda öz
işimize bolan yhlasymyzy, höwesimizi has-da artdyrýar.
Goý, bize şeýle uly
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Uzuk NOWRUZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
3-nji ýyl talyby,
Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.




