OKUW ÝYLYNYŇ ILKINJI MASLAHATY
131Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Milli bilim ulgamynda ýaşlaryň döwrebap tejribeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda başlanan bu baýramçylyk çäresini institutyň rektory A. D. Aýdogdyýew dabaraly giriş sözi bilen açdy. Maslahat umumy mejlisden hem-de iki sany amaly bölümden ybarat bolup, guralan çykyşlar talyp ýaşlaryň aýdym-sazly dabaralary bilen utgaşdyryldy.
Ylmy-amaly çykyşlarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilimi sanlylaşdyrmak, pedagogik innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de halkara tejribesini öwrenmek ýaly möhüm temalara giňden seredildi. Şeýle hem ýaşlaryň döredijilik we hünär başarnyklaryny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, medeni mirasy gorap saklamakda sanly sungatyň orny, çagalar edebiýaty, muzeý işi we syýahatçylyk ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň netijeleri beýan edildi.
Maslahata birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary ýaş alymlary işjeň gatnaşyp, bilim we ylym ulgamyndaky döwrebap tejribelerini paýlaşdylar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.




