TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2102026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35
ýyllygy mynasybetli guralyp, ol «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmeniň
buýsanjy” şygrynyň watansöýüjilik gymmaty» diýlip atlandyryldy.
Maslahat dabaraly açylyş we umumy mejlis bilen başlandy. Giriş sözi bilen
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň
kandidaty A.D. Aýdogdyýew çykyş etdi. Umumy mejlisiň çäginde institutynyň
professorsy-mugallymlary we talyplary tarapyndan Prezidentimiziň döredijiligi,
milli gymmatlyklar, medeniýet we bilim ulgamyndaky ösüşler barada çykyşlar
diňlenildi hem-de talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.
Ylmy-amaly
maslahatyň işi iki bölüm boýunça dowam etdirildi:
I bölüm: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent
sepgitler» (Uly mejlisler zaly). Bu bölümde Garaşsyzlyk ýyllarynda
medeniýet, bilim, žurnalistika, muzeý işi we multimediýa tehnologiýalary ugry
boýunça gazanylan üstünlikler barada giňişleýin beýan edildi. Maslahata diňe
bir medeniýet institutynyň däl, eýsem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we
talyplary işjeň gatnaşyp, öz ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler.
II bölüm: «Garaşsyz Watanymyz bedew bady bilen
öňe barýar!» (Kiçi mejlisler zaly). Bu bölümde bolsa milli
miras, taryhy ýadygärlikler, syýahatçylyk hem-de myhmanhana işewürligi, milli
ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar baradaky meseleler barada durlup
geçildi. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň wekilleri öz ylmy temalary bilen işjeň
gatnaşdylar.
Geçirilen bu maslahat ýaş nesillerde watançylyk ruhuny terbiýelemekde,
milli medeni mirasy öwrenmekde we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan belent
sepgitleri ylmy taýdan esaslandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň
Ylym
bölümi.




