ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERI HAKYNDA ÇÄRELER

221

Türkmen döwlet medeniýet institutynda bilim alýan
talyp ýaşlar bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir
aýlyk çärä bagyşlanyp wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda
geçirilýän biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine
gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan
biraýlygyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýlip
atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär. Jemgyýetçilik
guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň
gatnaşmagynda, «Ýol-ulag hadysalary we olaryň öňüni almagyň ýollary» atly giň
gerimli çäreler ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda, ylym, bilim
edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde güýçli depginde alnyp
barylýar. Wagyz-nesihat ýygnagynda, bellenenler bilen bir hatarda, türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk
sözleri aýdyldy. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri
üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza
jan saglyk, alyp barýan nusgalyk işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.



Kerwen ŞAMYRADOW,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



Ilkinji Ýaşlar Guramasynyň başlygy.



 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm