ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR MÄHREM ZENANLAR!

908

2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýurt bähbitli, halk
ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent
sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden
miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala
mukaddesligini, döwletli durmuşumyzy düşündirmek maksady bilen Türkmen döwlet
medeniýet institutynda geçirilen «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa
ýarandyr mährem zenanlar!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede milli aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.



Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyza ruhy gymmatlyk
hökmünde ýokary baha berilýär. Çünki türkmen halkynyň baý edebi mirasy köküni
irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede
täze öwüşginlere beslenýän däp-dessurlarymyz hem barha kämilleşip, arkama-arka
dowam edýän milli gymmatlygymyza öwrülýär. Şoňa görä-de, her bir milletiň
däp-dessurlary umumadamzat gymmatlygynyň milli aýratynlygy hökmünde möhüm
ähmiýete eýedir.



Wagyz-nesihat
duşuşygyna gatnaşanlar medeni-taryhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy
dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly
Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň elmydama
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.



 



 



Enejan
ANNADURDYÝEWA,



Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň



Kitaphanaçylyk
we arhiw işi kafedrasynyň



uly
mugallymy, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.



 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm