Şöhratly menziller dabaralanýar

1000

2021-nji ýyl. 27-nji maý.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we bu ýokary okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – ÝUNESKO –Diýardan ýaýran ýollar” atly taslamanyň çäklerinde maslahat geçirildi.
Bu gün goýnunda döreýän täze sungat eserleri, täsin binagärlik medeniýeti, däp-dessurlaryň dowamaty bilen dabarasy dünýä ýaýylan Türkmenistanyň taryhy mertebeli şahsyýetleriň at-owazasy, merdana ogul-gyzlaryň gahrymançylygy, halkyň gaýtalanmajak önümleri, edebiýaty, dili – umumy medeniýeti bilen jebis baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň gymmatly gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Alym Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý döredijilik medeniýeti, çeper sungaty dünýäniň iň gymmatly nusgalarynyň sanawyna goşulýar. Bu ugurda Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan işleri täze sepgitlere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlançyçlary bilen türkmen halkynyň döreden “Görogly” dessançylyk sungaty, küştdepdi aýdym we tans dessury, milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatly nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Diýarymyzda bu işleriň gerimini we ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, medeni mirasymyzy içgin öwrenmäge höwesjeň nesilleri çekmek başlangyçlaryna aýratyn üns berilýär. Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar” atly taslamanyň çäklerinde maslahat geçirildi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda geçen maslahatda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, medeni diplomatiýasy, merdana pederlerimiziň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň toplumy hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň esasynda görkezilen tanyşdyryş şekilleri, ylmy maglumatlar çykyşlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.  Maslahatyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Milli Toparynyň sekretary, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdiriligiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa  medeniýeti öwreniş, arheologiýa, medeni gymmatlyklary rejelemek, teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak, telewideniýe režissurasy, operatorçylyk işi we montažyň režissurasy hünäriniň talyplary bilen ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň taryhy, halkara guramalarynyň alyp barýan işleri we wezipeleri, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri we olaryň öwrenilişi, medeni däp-dessurlaryň durmuşy ähmiýeti dogrusyndapikir alyşdylar. Aýratyn-da, halkymyzyň milli özboluşlylygyny, baý medeni gazananlaryny tutuş adamzadyň gymmatlygy derejesinde öwrenmek, goramak we milli sungatyň taryhy, jemgyýetçilik ähmiýeti bilen birlikde ony döretmegiň tärleri, nesilden-nesle geçirmek däpleri hakynda täsirli garaýyşlar beýan edildi.
Aýlar aýlanyp, döwranlar dolanýar. Uşajyk gündelik hereketden durmuş hasyl bolýar. Kiçijik amaldan sahawat döreýär. Belent mertebeli Döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda şöhratly taryhymyz dabaralanýar, milletimiziň, ýurdumyzyň abraý-mertebesi arşa göterilýär. Alnyp barylýan başlangyçlaryň ruhy gymmatynyň çäksizdigini, nesilleriň ruhy gözýetimini giňeltmekde ähmiýetiniň uludygyny medeni mirasymyzy öwrenmeklige, goramaklyga we wasp edip dowamat etmeklige bagyşlanan bu maslahat tutuş aýdyňlygy bilen doly subut etdi. 

Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm