Täze ýyl geldi

985
Şu ýyl üýtgeşik ýyl. Bu ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen buýsançly şygar bilen başlandy. Çünki il-halkymyz eziz Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmakdaky amala aşyrýan beýik işleriniň adam ykbalyna edýän täsirini ýüregi bilen duýdy. Şonuň üçin täze ýyl baýramy hem bagtyýarlygyň we asudalygyň, agzybirligiň baýramy bolup uly şowhuna beslendi. Bu baýramçylyk taryhyň täze döwre gadam basýandygynyň hakykatyny bize buşlady. Adamlar özüni bagtly duýanda, baýramlaryň we toýlaryň hem mazmuny başgaça bolýar.
    Aslynda bolsa, Täze ýyl baýramçylygy Ýewropa ýurtlarynda we dünýäniň beýleki ýerlerinde has giňden bellenilýär. Täze ýyl baýramynyň bir hepde öňünden, rusça «Рождество», iňlisçe «Christmas» güni bellenilýär. Häzirki wagtda bellenilýän Täze ýyl gününde grigorian senenamasy boýunça täze ýyl çalşylýar.
    Bu baýramy käbir halklar dürli däpler boýunça belleýärler. Mysal üçin, hytaýlarda, wýetnamlarda ýanwar aýynyň ahyrlaryndan fewral aýynyň ortalaryna çenli bellenilip geçilýär.
    Grigorian senenamasy boýunça 1-nji ýanwarda Täze ýyl baýramyny bellemek türkmen halkymyz üçin däbe öwrülen baýramlaryň biri boldy. Halkymyz ýylyň täzelenýän gününde maşgalanyň ähli agzalary bilen bilelikde bereketli ojagynda naz-nygmatdan doly giň saçak bezäp agzybirlikde täze ýyly garşylaýarlar.
    Her ýylyň gyş paslynyň ilkinji aýynda çagalar Aýazbaba we agtyjagy Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Körpeler täze ýyl barada öwrenen goşgularyny Aýazbaba aýdyp berip, sowgat alýarlar. Bu bolsa, baýramyň şowhunyny has-da artdyrýar. Şu ýyl Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, eziz Arkadagymyzdan welosiped sowgadyny alan oglan bolsa, muny ömürboýy unutmaz. Bu bagtly pursatlar hakynda eşidenleriň hem bu hakydasynda hemişelik galar.  
    Täze ýyl baýramçylygynyň garşy alynýan günlerinde,  institutymyzyň ähli ýerini şatlyk-şagalaň gurşap aldy. Türkmen döwlet Medeniýet institutymyzyň joşgunly talyp ýaşlary halypa mugallymlarymyzyň ýardam bermeginde, Täze ýyl baýramyna bagyşlap aýdym-sazly sazly taýýarlap, ony tele we radio ýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler.

Aýlar Ahmedowa, Medeniýeti öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm