Gymmatly hazyna
982 Gahryman Arkadagymyzyň her bir kitaby, biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Milli Liderimiziň howandarlygynda çap edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdaky gyzyldan gymmatly nakyllardyr atalar sözüniň biziň durmuşa düşünmegimizde ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly ajaýyp kitabynda bolsa ýaş nesillere halkymyzyň geçmiş taryhy, gadymyýetden bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarydyr ýol-ýörelgeleri rowaýatlardyr tymsallar arkaly wagyz edýär. Kitapda şeýle diýilýär: “Ata-babalarymyzyň pähimli tymsallary olaryň nesillerine ýollan köňül namalarydyr. Atalaryň pendi bolsa, nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir”.
Tutuşlygyna diýen ýaly halkymyzyň agzybirlik, jebislik baradaky oňat taglymatlaryndan ugur alýan "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" atly eser 12 bölümden ybarat bolup, her bölümünde degişli temalar boýunça rowaýatlardyr hekaýatlar gürrüň berilýär. Kitapda durmuşyň kynçylyklaryndan baş alyp çykmagyň usullary tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Şeýle hem kitapda türkmen zenanynyň söýgä wepalylygy, goç ýigitleriň Watan üçin jan aýaman ata çykyşlary, bilim almak, tebigaty gorap saklamak, ene- ata sylag, saglyk, zähmetsöýerlik, dostluk, agzybirlik ýaly dürli temalara ýüzlenilipdir. Her bir tymsal halkymyzyň edim-gylymlary barada gürrüň berýär. Kitabyň 12-nji bölümi "Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym" diýip atlandyrylýar. Arkadagymyz bu bölümdäki rowaýatlardan oňaýly netije çykarmaklygy okyjynyň özüne goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan we döwlet galamyndan dörän şeýle kitaplar biz - ýaşlaryň ýan kitabymyza öwrüldi. Bize şeýle ajaýyp kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýperi Mollaýewa
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň “Kino režissurasy”
hünäriniň 1-nji ýyl talyby