Kadaly iýmitleniň!
974Pasyl çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Sepgit döwri saglygymyzy berkitmek, özümizi dürli kesellerden gorap saklamak jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar. Güýz paslynda hem adamlar dürli ýokumlara, mikroelementlere baý önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidigini ünsden düşürmeli däldirler. Çünki bu döwürde howanyň salkynlamagy netijesinde günüň işjeň hereket bilen geçýän wagtynyň dowamlylygy-da artýar. Dürli beden maşklary ýa-da ýazky meýdan işleri ýa-da zähmetiň beýleki görnüşleri bilen baglylykda hem adam bedeni her gün ýeterlik güýç-kuwwat toplamaly. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar, bakja önümleri bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulyp içilýän gök çaý adamlaryň köp isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir.
Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň
habarlar merkeziniň habarlarynyň esasynda taýýarlandy