Geliň kitap okalyň!

1043
Her kimiň bir dosty bolýar. Dostuň bolsa  nähili gowy bolýar. Onuň bilen pikir alyşýarsyň, gerek ýerinde maslahat sorabam bilýärsiň. Bilmedigiňi dostuň öwredýär. Senem oňa öwüdi üçin hemişe minnetdar bolýarsyň. Özleşdirmeli dersleriň köp mahaly dostuň ilkinji bolup, saňa kömege ýetişýär. Ol käýinenogam, senden ýaltalygyň üçin öýke edibem ýörenok. Bilimiň gowzaberdigi, ondan dalda gözleýärsiň. Sebäbi onuň seni hemişe goldajakdygyna bil baglap bolýar. Ol seniň iň ýakyn dostuň ady KITAP. Kitaplar bir ýere jemlenip, uly bir hazynany emele getirýärler. Ata-babalarymyzyň kitaby WATAN, ENE, SAÇAK mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklandygyny siz bilýänsiňiz. Täze kitabyň çap edilenine begenip, ulular gowy kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny dileg edýärler. Türkmen döwlet neşirýat gullugynda çap edilýän ýokary hilli ,owadan bezegli, täze kitaplaryň orny biziň kitap tekjelerimizde barha giňeýär. Şol kitaplary okap, dürli ylmy hem-de täsin maglumatlary özleşdirýäris. Mähriban Arkadagymyzyň biziň eziz Watanymyzyň milli baýlyklary barada söhbet açýan gymmatly eserlerini okap, has-da köp zatlary öwrenýäris. Nähili bolmalydygyny bize KITAP öwredýär. Ol diýseň mähriban hem ýürekdeş dost. Biz şeýle dostlarymyzyň daşymyzy gurşamagyny, köp bolmagyny isleýäris. Biziň  dostumyz KITAP – egsilmez hazyna. Onuň taýsyz gymmatyna adamlar ir zamanlaram akyl ýetiripdirler. Öwrenmegi gowy görýänleri üçinem adamlar kitaby oýlap tapypdyrlar. Dogry, kitapdan owal hat döräpdir. Hatyň uly peýdasyna düşünen adamlar soň, ähli ýazanlaryny bir ýere jemläp, olary has aýawly saklamagyňam bir usulyny oýlap tapypdyrlar.  
Hawa, kitap şu günki ýeten derejesine barmak üçin örän çylşyrymly we külpetli ýoly geçmeli bolupdyr.
 Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerde haýwanlaryň derisini eýläp, gönleriň ýüzüne ýazgy edipdirler. Gönlerden edilen pergamentleri gyradan dört epläp, ony sahypa  bölüpdirler. Şolaryň  ençemesini birleşdirip çatypdyrlar welin kitap   emele gelipdir. Häzir bolsa, kitaphanalaryň gorundaky kitaplaryň sany, mümkin, sanardan-da has kändir. Kitabyň ähmiýetine kemsiz düşünensoňlar, onuň köp bolmagy, dürli kitaplaryň yzygiderli neşir edilmegi juda derwaýys hasap edilýär. Birnäçe wagt bäri biz eýýäm elektron kitaplar bilen hem dostlaşmaga ýetişdik. Biziň ýurdumyzyň iň uly kitaphanasy paýtagtymyzda bolup, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasydyr. Welaýat we etrap merkezlerindäki, obalarymyzdaky, mekdebimizdäki  kitaphanalara baryp, biz iň ýakyn dostumyz bilen ikiçäk söhbet edýäris ýa-da olar hemişe biziň ýanymyzda bolup, zerur mahaly kömegini ýetirip durýar.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm