Ýolda ägä bol!

1040
Aýgözeliň jigisi Ogulmeňli bilen mekdebe bile gidesi gelmedi. Sebäbi ol Ogulmeňliniň diýen etmezek häsiýetini bilýär. Mekdebe bile gitseler, ol hem   doganynyň aýdanyna gulak asman, bir özi ylgap gitse, maşynlaryň bu ibirt-zybyrtlygynda näme boljagy belli däl. Ol:
– Eje, goňşularymyzyň uly gyzlaryndan haýyş edäýeli! Jigim birden akylly bolmasa, men ony nädip saklaýyn?– diýip, ejesiniň ýüzüne özelenip seretdi. 
–Wah, jan gyzym, gyssagly mamaňlara gitmeli boljagymy men nä bileýin? Indi giçden soň goňşulary bimaza etseňem gelşiksiz. Sen seresapja bol-da, jigiňi gözden salma! Onuň elinden berk tut. Ýoldan geçeniňde, bolmasa, ýol gözegçisinden haýyş edäýiň. Sen indi uluja gyz ahyry, men saňa jigiňi ynanýan. Irden sizi oýadyp, kakaň ikimiz gitmeli bolarys, akyllyjam – diýip, ejesi Aýgözeliň gara gulpagyny mähir bilen sypalady. Soň Aýgözelem, ejesi hem Ogulmeňlijige öwüt baryny berdiler. Oňa ulularyň diýenini etmegi sargadylar. Hemişe bir hokga tapýan garagolja Ogulmeňlijik sesini çykarman başyny atdy. „ Aýgözel meniň elimden gaty tutmasyn“ diýibem torsarylyp oturdy. Ejesi hem uly gyzyna jigisine sypaýy garamagy tabşyrdy. Aýgözel  Ogulmeňliniň ýersiz-ýere özüni günäkärleýänligini bilse-de:
–Jigim, men eliňi gaty gysyp agyrtman, ýöne senem birden öz başyňa gidäýmegin. Diýenimi diňlemeseň, kakamyň gahary geler – diýip, ertir ir turmak üçin Ogulmeňlijigi ýatýan otaglaryna alyp gitdi. 
Onuň özi indi altynjy synpda okansoň, köp zatlary bilýärdi. Ýolda käte çagalaryň seresapsyzlygy zerarly sürüjileriň basga düşýän halatlarynyň bolýanyndanam habarlydy.  Mugallymlary olara synp sagatlarynda mekdepden saý-sebäp bilen ýeke gaýdýan körpe jigilerine kömek etmegi öwredýärdi. Ine, indem ol özüni hemişe bakja gatnaýan kiçijik çaga ýaly alyp barýan jigisi Ogulmeňlijige  göz bolmalydy, ony özi bilen mekdebe bile alyp gitmelidi. Ýöne Ogulmeňlijikmi akyllyja bolup, aýdanyňa diň salyp oturan? Ol özdiýenli, gowy görülýäni üçin aýnaýar. Irden ony Aýgözeliň bir özüne galdyrmagy ene-atasy-da alada edýärler. Aýgözeliň mamasy nähoşlap, sargyt edeni üçin,  olar hökman gyssagly gidäýmeli.
 
Ertesi irden Aýgözel „Tur, balam, oýan, biz ýola düşmekçi“ diýen sözüne ukudan aýňaldy. Gözüni açalak-ýumalak edip, Ogulmeňlijigi yralady. Jigisi garagolja-da bolsa, ýatagan däl. Oýanyp, çalasyn hereketler bilen ýuwunýar, geýinýär, çaý-çöregini edinýär. Soňam gulpajygyny tasadyp:
– Eliňi ber– diýip, doganyna  seretdi. Aýgözelem Ogulmeňlijigiň agşamky aýdylan öwütleri ýadyndan çykarmanlygyna begendi. Olar tirkeşipjik bileje mekdebe gitdiler. Ýolda Ogulmeňlijik Aýgözeliň säginen ýerinde säginýär, doganynyň yzyna eýerjek bolup, ünslüje hereket edýär.
 Jigisini hiç hili howp-hatarsyz mekdebe özi bilen alyp gelenine Aýgözel örän begendi. Mekdepden öýlerine gaýdanlarynda-da Ogulmeňlijik şeýle akylly bolan bolsady, oňa hiç kimiňem gahary gelmezdi.
Ýoldan bökjekläp gelýän Ogulmeňliniň kellesindäki bar bilýänje zadam şo mahal uçup gitdi öýdýän. Ol şeýle bir zarba bilen birden elini silkip goýberdi welin, Aýgözel onuň yzyndan ýetibem bilmedi. Ol aňyrdan batly gelýän maşynlara seredip, „Ogulmeňli“ diýip, gaty gygyrdy. Jigisi onuň diýenini eşitdimi, ýa-da eşitmedi, belli däl. Şol halat bir ýerlerden peýda bolan ýol gözegçisi jürlewügini çalyp  ýetişäýdi. Ol gorkudan ýaňa möňňürip aglaýan Ogulmeňlijigi dyknyk maşynlaryň arasyndan alyp çykdy.
Kim bilen gelýärdiň, gyzym? – diýip ondan sorady. Ogulmeňlijik pyýadalar geçýän ala çyzygyň deňinde aglamjyrap duran doganyny barmagyny çommaldyp görkezdi. Gele-gelmäşe Aýgözele:
– Doganym, meni bagyşlaý-da – diýip, müýnli seretdi. Aýgözeljik Ogulmeňliniň diýen etmän ýol hereketini bozanlygy üçin ýol gözegçisi daýydan ötünç sorady. „Meniň jigim heniz kiçijik, ulalansoň hemme zada düşüner“ diýdi. Ogulmeňlijigem “Indikile beýtmen“ diýip ejesi daga aýtmazlygy ýol gözegçisi daýydan haýyş etdi. Ol gyzjagazlary öýlerine çenli alyp geldi. Öýlerine baransoňyn hem Ogulmeňlijigiň bimazalygy hakda hiç dil ýarmady. Sebäbi ol Ogulmeňlijigiň indi ulularyň öwüdini hiç haçan unutmajagyna ynanýardy. Aýgözel ähli wakanyň her näme bolsa-da aman sowulanlygyna begendi. Öz içinden “ Goý, mamam hijem nähoşlamasyn. Jigim ulalýança ejemiz mydama biz bilen bolsun“ diýip oýlandy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm