Medeniýeti öwrenmek: bäsleşigiň maksady

1197
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeniýeti öwreniş” kafedrasynyň guramagynda “Medeniýeti öwreniş” dersi boýunça  onlaýn bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik institutyň degişli ugurdaky tejribesini baýlaşdyryp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygyny mynasyp garşylamaga gönükdirilen çäreleriň biridir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda medeniýetiň nazaryýetinden we dünýä halklarynyň medeniýetinden baş çykaryp bilýän kämil, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we bilim ulgamynda talyp ýaşlaryň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna erk etmeklerini gazanmak maksady bilen guralan bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda tehniki ugurly ýokary mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar. Bu bolsa, medeniýeti öwrenmegiň ylmy-nazaryýet çeşmelerini öwrenmekde  ýaşlaryň yhlasyny görkezýär. 
Bäsleşigi geçirmeklik pikiri birbada döremedi, “Medeni miras” fakultetiniň dekany Allamyrat Hojamyradowuň ýolbaşçylygynda, onlaýn olimpiadalary geçirmegiň degişli ugurdaky tejribeleri öwrenildi.  “Medeniýeti öwreniş” dersi boýunça islendik ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan höweslileriniň gatnaşmaga mümkinçiligi bolar ýaly, soraglar aýratyn işlenildi. Dünýäniň taryhy ösüşleri bilen baglanyşykly sowallar hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, kafedranyň mugallymy Ogulsona Çaryýewa “Medeni miras” kafedrasynyň müdiri Göwher Allaberenowa bilen bilelikde, bäsleşige gatnaşýan talyplaryň 50 göterimine çenlisini höweslendirmek pikirini goldadylar. Munuň özi ýaş talyplaryň milli medeniýetimizi öwrenmeklige bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrar. 
Şeýle hem bäsleşigi geçirmek boýunça bellenilen ýörite topar tarapyndan  tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinden, şol sanda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutyndan bäsleşige gatnaşan talyplaryň üstünlikleriniň aýratyn nazara alynmalydygy hakynda çözgüde gelindi.  Ýeňijileriň kimdigi bolsa, şondan soň yglan edildi. 
 “Medeniýeti öwreniş” kafedrasynyň guramagynda “Medeniýeti öwreniş” dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş üniwestitetiniň we Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar we mynasyp orunlara eýe boldular.
Ýeňijilere  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň dowamynda «Hormat hatlary»  gowşurylar.

Jumaguly Aklyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
“Medeniýeti öwreniş” hünäriniň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm