Gadymy galalaryň syry hakynda ussatlyk sapagy

1257
Gahryman Arkadagymyz: “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda gadymy Merwiň täsinlikleri barada: “Açyk asmanyň astyndaky muzeýe öwrülen bu uly giňişlikde hem soňky ýigrimi bäş asyryň taryhynyň yzlaryny görüp bolýar” diýip ýazýar. Bu gün Gündogaryň öçmez ýyldyzyna öwrülen gadymy Merwiň müňýyllyklaryň dowamyndaky şöhratly taryhy ýaňadan galkynýar. 
Takmynan 20 ýyl mundan ozal dünýä belli alym Wiktor Sarianidi we şol wagt elli ýaşlaryndaky alym zenan Nadežda Dubowa bilen Goňurdepede tapylan iň gadymy keçe böleginiň we beýleki gymmatly tapyndylaryň tanyşdyryş dabarasynda gürrüňdeş bolmak miýesser edipdi. Ýerli telewideniýe üçin gysga wagtlyk ýazgy eden gürrüňdeşligimiz hemişelik hakydamda galdy. Aýratyn-da, Nadežda Dubowanyň sellofan gutujykdaky kiçijik tapyndylary emaý bilen ýerleşdirip, olara bolan belent buýsanjyny beýan edişi ullakan täsir galdyrypdy.
Henize çenli Türkmenistan bilen ykjam ylmy gatnaşyklaryny jebis saklaýan Nadežda Anatolýewna Dubowa türkmen-rus Margiana arheologiýa ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Gadymy Merwiň şöhratyny ylmy jemgyýetçilige tanatmakda we ykrar etdirmekde ägirt uly işleri bitiren Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň gadymy Marguş medeniýeti barada ýokary okuw mekdepleriniň degişli hünärlerde bilim berýän mugallymlary we bu ugurlarda okaýan talyplary bilen duşuşyk geçirip, soňky tapyndylary hakynda okuw sapagyny geçmek ýaly oňat adatlary bardy. Elbetde, bu sapaklar birnäçe ylmy maslahatlaryň, forum-seminarlaryň çäklerinde guralýardy. Dünýä belli alymyň iň bir ynsanperwer tejribelerini sadyk dowam etdirýän Nadežda Dubowa hem şu oňyn adata eýerip, iş saparlarynyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuw sapaklaryny guraýar. 
2022-nji 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de  rejelemek baradaky milli müdirliginiň Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde guramagynda  görnükli alym Nadežda Dubowa ýene-de bir ussatlyk sapagyny berdi. Ussatlyk sapagyna ýokary okuw mekdebiniň arheologiýa, rejeleýiş işi, muzeologiýa hünärleriniň talyplary we bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, halypa mugallymlar gatnaşdylar. Ussatlyk sapagynyň barşynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A. Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy M. Mämmedow giriş sözi bilen çykyş etdiler. 
    Alymyň ussatlyk sapagy “Türkmenistan: Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri” diýip atlandyrylýar. Alym sapagyň başynda halypasy bilen köp ýyllaryň dowamyndaky iş tejribeleri hakynda gysgaça beýan edip, W.I. Sarianidiniň ýolbaşçylygynda üsti açylanyna ýarym asyr bolan Goňurdepe ýadygärliginiň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren möhüm täsirine ünsi çekdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, mukaddes Awesta kitabynda ady ýatlanylýan Mary topragy täsin açyşlaryň mekanydyr. Şeýle-de çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde Murgap derýasynyň boýunda dörän Marguş ýurdunyň bolandygynyň XX asyryň ortalarynda dünýäniň meşhur taryhçylary tarapyndan subut edilendigi bellenildi.
Multimediýa ekranynda birnäçe tapyndylaryň suratlary, şekilleri, ýadygärligiň çyzgylary görkezilip, olaryň döwürleýin aýratynlyklary hakynda giňişleýin maglumatlar berildi. Şolaryň aýratyn özüne çekijileri köpsanly altyn şaý-seplerdir. Olaryň bir böleginiň Aşgabatdaky Döwlet muzeýinde we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýandygy aýdyldy. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende diňe baý adamlara degişli bolan guburhanalarda däl, ýer astyndan örän köp gymmat bahaly zenan ysyrgalarynyň tapylandygyny alym zenan nygtady. Goňurda irki döwürleriň dört aýakly iň gadymy arabalarynyň bolandygy bellenilip, olaryň çyzgyly şekilleri görkezildi. Barlag döwründe üstünden dört müň ýyl geçen örän köp möhürler tapylypdyr. Goýunlaryň şekilleriniň gadymy Müsür medeniýetiniň alamatlaryny ýada salýandygy bellenilip, uzaky taryhy döwrüň içinde halklaryň medeniýetleriniň sazlaşygy barada täsin pikir ýöretmeler beýan edidi. Alymyň buýsanç bilen aýdyşy ýaly, “ilkinji demir temençe hem Goňurdan tapylýar”. Gadymy köwüşleriň görnüşleri bu halkyň baý hem özboluşly medeniýetini aňladýar. Goňur grifonlarynyň Siriýada tapylan tapyndylardan birnäçe müň ýyl öň dörändigi hakyndaky maglumat hem ýaşlar üçin örän täsir galdyryjy boldy. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda 2019-njy ýylda ilkinji gezek nakgaşçylyk eseri tapylýar. Okuw sapagynyň dowamynda grafiki we heýkel eserleriniň dikeldilen görnüşleri hödürlenildi. Alym jemleýji sözüni: “Goňurlylyar türkmenleriň ata-babalary” diýip ynamly tassyklamak bilen, Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza dünýä ylmynyň ösüşiniň hatyrasyna berýän uly goldawlary üçin özüniň hoşallygyny bildirdi. 
Elbetde, ussadyň sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar özleriniň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça Nadežda Dubowa köpsanly sowallar, arzuw-islegleri bilen ýüzlendiler. Şeýle-de bu halkara derejesindäki möhüm ähmiýetli çäräniň guramaçylyk işine institutyň uly mugallymlary Ogulsona Gojaýewa, Maral Hojagulyýewa, Maral Ataýewa, hünärmenler we ýaş mugallymlar Jumamyrat Çaryýew, Begenç Repbimow dagy örän işjeň gatnaşdylar.
Antropolog, arheolog, taryh ylymlarynyň doktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň etniki ekologiýa şahamçasynyň ýolbaşçysy, Margiana arheologiýa ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Nadežda Dubowa birnäçe gezek Türkmenistanyň abraýly döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Bu zenanyň 20 ýyl mundan öňki hyjuwy, gadymy Merw topragynyň täsinlikleriniň dünýäniň gymmatly hazynalarynyň hatarynda birnäçe ynsanperwer ylymlaryň ösüşine goşant goşjakdygy hakyndaky ynamy has mizemezleşene meňzeýär. Onuň nurana ýylgyrşynda, dilewarlygynda gadymy merwlileriň paýhasy şöhlelenýän ýaly, Goňurdepe hakyndaky täsirli gürrüňleri diňleýjileri maýyl edýär. Halypa alymyň ussatlyk sapagy ençeme ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Hünärmenler ussatlyk sapagyndan soňra hem pikir alyşdylar. Ýokary okuw mekdebinde bu sapagyň täsirleri dogrusyndaky söhbetler ýene dowam eder. Diýmek, özünden öňki arçalan ýollary şaýollara sapýan ylym ýoly dowam edýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynda şeýle halkara tejribeleriň geriminiň has-da giňemegi üçin amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm