Medeniýeti öwreniş boýunça bäsleşdiler
1317 1-nji dekabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Medeniýeti öwreniş” boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Şeýle onlaýn bäsleşigi institutyň tejribesinde ikinji gezek geçirilip, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyny mynasyp garşy almaklyga gönükdirilen çärelere badalga berdi. “Türkmenistanyň Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda medeniýetiň nazaryýetinden we dünýä halklarynyň medeniýetinden baş çykaryp bilýän kämil, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, bilim ulgamynda talyp ýaşlaryň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna erk etmeklerini gazanmak maksady bu bäsleşigiň guramaçylarynyň esasy maksadyny aňladýar. Ýurdumyzyň 12 sany ýokary okuw mekdebinden 60 talybyň gatnaşmagy bilen bäsleşik has gyzgalaňly geçdi. Ýeňijileri ýüze çykarmak bilen emin agzalary ýaşlaryň ýurdumyzyň medeniýetini öwrenmäge höweslidiklerini aýratyn beleldiler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Medeniýeti öwreniş” dersi boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginde I-nji ýer Türkmen döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary mynasyp boldular. Toparlaýyn oýunda II ýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwestitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk Uniwerstitetiniň talyplary eýe boldular.
Bäsleşikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen Oba hojalyk Institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz Uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary III orunlary eýelediler.
Görnüşi ýaly, medeniýeti öwreniş ähli ugurlarda okaýan talyplar üçin hem gyzykly we täsin ugur bolmagynda galýar.
Ogulsona Gojaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň müdiri