Bir goşgynyň teswiri

1393

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ylymly, bilimli, döredijilige höwesli ýaşlaryň kemala gelmeginde beýik maksatnamaly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: “Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem=de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir” diýen jümlelerinden  ugur alyp, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ösdürmegi, olary täze döredijilik gözleglerine ugrukdyrmagy maksat edinip, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan  çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurnamagynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň  arasynda “ Bir goşgynyň teswiri” ady bilen onlaýn duşuşygynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda hereket edýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti,  Injener tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty, Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasy, Telekommunikasiýa we informatika instituty, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Aşgabat şäheriniň Demir ýol orta hünär okuw mekdebi gatnaşdylar. Duşuşykda bu taslamany ýerine ýetirmegiň ikinji we üçünji şertleri boýunça söhbetdeşlikler guraldy. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň birini teswirlemek, şahyryň goşgularyndan syrly setirleri saýlap pikir alyşmak we gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirmek, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeperçilik aýratynlyklary barada bellemek boýunça pikir alyşmalar örän täsirli boldy. Şu şertlere laýyklykda çykyş eden talyplaryň beýan etmeleri we sorag-jogap alyşmalar esasynda örän çekeleşikli boldy. Talyplaryň onlaýn duşuşygy älem syryny dünýä ýaýan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýaşlaryň garaýyşlaryny, olaryň bilim derejelerini  ýüze çykarmakda we kämilleşdirmekde  uly itergi berendir diýip pikir edýäris. Şahyryň çuň many-mazmuna ýugrulan her bir setirlerinde, her bendinde aňladylýan we öňe sürülýän pýesasy manyny açyp görkezmekde, ýaşlaryň ünsüni özüne çekýän gyzykly  soraglara jogap tapmakda, ara alyp maslahatlaşmakda bu duşuşygyň ähmiýeti ýokarydyr.                                  Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurnamagynda geçirilen “Bir goşgynyň teswiri” atly  bu onlaýn duşuşygyň ahyry  baky bagtyýarlygyň ülkesi bolan Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde ýokary tagallalary edýän, biz ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtmak bilen jemlendi.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm