Ylym
6273Ylym bizi ýakynlaşdyrýar
Belent mertebeli Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilime bolan söýgüsini ösdürmek, olaryň ylmyň möhüm ugurlarynda netijeli işlemeklerine ýardam etmek babatyndaky aladalary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym-barlag işlerini giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda geçirilýän ýaş alymlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigine gatnaşýan işleriň netijeleri hem şonuň aýdyň mysalydyr. Institutymyzda milli-medeni mirasymyz, medeniýeti öwreniş, sungatyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy-amaly işleriň gerimi giňeýär. 2020-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen döwlet ylmy bäsleşiginde 2 sany ylmy iş ýeňiji boldy. Institutymyzda Ýaş alymlaryň merkezi, 2017-nji ýylda döredilip, ol ylmy işleriň halypa-şägirt gatnaşygynyň esasynda ýola goýulmagyna ýardam edýär. Ýaş alymlar halypa alymlar, professor-mugallymlar bilen duşuşyk geçirýärler. Ylmy-döredijilik işleriniň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Onuň agzalary ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy-döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Institutyň binýadynda hereket edýän “Türkmen medeniýeti” ylmy merkeziniň guramagynda talyp ýaşlar 25-den gowrak ylmy işleri ýerine ýetirdiler.