Kitaphana

6931

Kitaphana – ylym-bilimleriň hazynasy
Ylym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol hem kitaplardyr, ylmyň gymmatly çeşmesidir. Şonuň üçindir, ylym-bilim ojagynyň esasy binýady hem kitaphanalarda jemlenýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasynyň taryhy  onuň açylan gününden başlanýar. Kitaphananyň okuw otaglary bilen bir hatarda ýerleşmegi gerekli çeşmelerden peýdalanmakda esasy amatlylygyň biridir. Kitaphananyň  umumy okalga zalynda talyplar özlerine gerekli kitaplar hakynda maglumat alýarlar, kompýuterlerden we neşirleriň elektron nusgalyklaryndan, institutda döredilen içerki tordan we internetden peýdalanyp bilýärler. Kitaphananyň döwürleýin neşirler bölümçesinde metbugat neşirleri täzeligi bilen okyjylara ýetirilýär. Taryhyň dürli döwürlerine degişli neşirler bilen tanşyp, okyjylar milli neşirýat senagatynyň ösüşi we mazmuny hakynda düşünjelerini baýlaşdyrýarlar. Kitaphananyň uly zalyndaky 26 sany kompýuteriň 4-düsi internet ulgamyna, 22-si bolsa içki tora birikdirilendir.  Umuman alnanda, kitaphanamyzda bir wagtda 81 adama hyzmat etmek mümkinçiligi bar.
Kitaphananyň iş gerimini has ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, neşirleriň elektron nusgalygyny döretmek işi dowam edýär. Bir aýda ortaça alnanda 6–10 sany kitabyň elektron nugalygy taýýarlanylýar. Munuň üçin ýörite 3х1 printerden peýdalanylýar. Häzirki döwre çenli TDMI portalynda kitaplaryň 562 sanysy ýüklenildi. Institutyň kitaphanasynyň gaznasyndaky kitaplaryň umumy sany  49 müň 18 kitap. Häzirki wagtda kitaphana ara abonomenti (KAA) boýunça Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Kitaphananyň elektron katalogy okyjylara hyzmat etmegiň amatlylygyny üpjün edýär. 
Kitaphananyň umumyýaşaýyş jaýynda şahamçasynyň bolmagy talyplaryň gije-gündiziň islendik wagtynda özlerine gerekli kitaplaryny edil öz öýlerindäki ýaly edip peýdalanmagyna şert döredýär. Umumy ýaşaýyş jaýynyň özünde ýaş talyplar jemlenişip, ylmy-barlag işleri boýunça gerekli çeşmeleri hakynda maslahatlaşýarlar, ylmy işler bilen meşgullanýarlar. Ylmy-bilimleriňi kämilleşdirmek işi yzygiderli dowam edýär. Ylmy-barlag işleriniň hem-de gündelik derslere taýýarlygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda kitaphana institutyň durmuşynda esasy orny eýeleýär.
Kitaphananyň işgärleri  täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşdyrylyş çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Institutyň mugallymlarynyň we talyplaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagynda olara ýardam ediji merkez hökmünde ornuny berkitmek kitaphanananyň işgärleriniň esasy maksadydyr.

Gülbahar Durdyýewa,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphana müdiri

Paýlaş

Ylym

Kitaphana – ylym-bilimleriň hazynasyYlym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol [...]

Sport

Kitaphana – ylym-bilimleriň hazynasyYlym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol [...]

Sanly bilim

Kitaphana – ylym-bilimleriň hazynasyYlym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol [...]

Kitaphana

Kitaphana – ylym-bilimleriň hazynasyYlym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol [...]

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm