Kitaphanaçylyk fakulteti

9910

1992-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa” fakulteti açylyp, fakultetde “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa”, “Köpçülik we ylmy kitaphana işini guramak”, “Çagalar we mekdep kitaphanalarynyň işini guramak”, “Kitaphanaşynaslyk we kitap söwdasyny guramak”, “Arhiw işi we dokumenti öwreniş” ýaly hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanyldy.
2006-njy ýyldan eýýäm fakultetde “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa” fakulteti, “Kitaphanaçylyk we muzeý işi” fakulteti adyna üýtgedilip, fakultetde “Kitaphanaçylyk we muzeýşynaslyk” ugry boýunça “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa”, “Informatika we kitap işi”, “Muzeý öwreniş we arhiw işi”, “Dünýä tejribesini öwreniş” kafedralary hereket edýärdi.
2019-njy ýyldan başlap “Kitaphanaçylyk we muzeý işi” fakultetiniň ady “Kitaphanaçylyk” fakulteti  diýlip üýtgedildi. Häzirki wagtda bu fakultetde  “Kitaphanaçylyk we arhiw işi” kafedrasy, “Maglumat ulgamlary” kafedrasy,  “Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi”, “Dünýä tejribesini öwreniş” we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedralary hereket edýär.
“Kitaphanaçylyk we arhiw işi” kafedrasy boýunça “Kitaphana işini guramak” we “Iş dolandyryş we arhiw iş” hünärleri, 2020-nji okuw ýylyndan başlap “Kitaphana işi” we “Resminama we arhiw öwreniş” taýýarlygyň ugry (bakalawr) boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
“Maglumat ulgamlary” kafedrasy boýunça “Ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi”, 2018-nji okuw ýylyndan başlap “Ykdysadyýet we dolandyryş (Medeniýet ulgamynda)” hünärleri, 2020-nji okuw ýylyndan başlap “Kitaphana maglumat işleri”, “Art menejment” taýýarlygyň ugry (bakalawr) boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi” kafedrasynda “Muzeý işini guramak” hünäri 2018-nji okuw ýylyndan başlap “Muzeologiýa,  medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak” ady bilen okadylyp başlanyldy, we şol ýyl “Arheologiýa” hünäri hem girizildi. 2020-nji okuw ýylyndan başlap “Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak”, “Arheologiýa”, “Rejelemek işi” taýýarlygyň ugry (bakalawr) boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
Bu hünärleri tamamlan ýaşlar bilimleriň çeşmesi bolan kitaby, maglumat göteriji dürli serişdeleri döretmek, ýaýratmak we iş ýüzünde peýdalanmak bilen baglanyşykly pudakda, muzeý we taryhy ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan edaralarda işlemäge mümkinçilik alýarlar.

KAFEDRALAR:

“KITAPHANAÇYLYK WE ARHIW IŞI”

Bakalawr ugry boýunça: Kitaphana işi
Bakalawr ugry boýunça: Resminama we arhiw öwreniş

“MAGLUMAT ULGAMLARY”

Bakalawr boýunça: “Kitaphana maglumat işleri”
Bakalawr boýunça: “Art menejment”
Bakalawr boýunça: “Ykdysadyýet we dolandyryş (medeniýet ulgamynda)”

“MEDENI GYMMATLYKLARY REJELEÝIŞ WE MUZEÝ IŞI”

Bakalawr ugry: “Rejelemek işi”
Bakalawr ugry: “Arheologiýa”
Bakalawr ugry: “Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak”

“DÜNÝÄ TEJRIBESINI ÖWRENIŞ”

“MAGLUMAT ULGAMLARY”

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm