Biz barada

8233


Türkmen döwlet medeniýet  instituty  Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň  4-nji ýanwaryndaky Kararynyň esasynda döredildi.
Türkmen döwlet medeniýet institutyna ilkinji gezek 178 talyp okuwa kabul edildi hem-de  iki fakultetde okuw-terbiýeçilik işleri alnyp baryldy. “Medeniýeti öwreniş we çeper döredijilik” fakultetinde teatrlaşdyrylan sahnalaryň režissýory, interýerleri we enjamlary taslamalaşdyrmak, pedagog-baletmeýster, hor, orkestr, medeni-köpçülik çäreleriniň gurnaýjysy, halk teatrynyň režissýory diýen 7 (ýedi) hünär hem-de “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa” fakultetinde kitaphanaçylyk we bibliografiýa hünäri boýunça talyplara ýokary bilim berildi.
  • 1993-nji ýylda “Teatr sungaty we  dizaýn” fakulteti, şonuň içinde “Teatr sungaty” we “Dizaýn”  kafedralary, şeýle-de ”Çagalar okaýyşyny gurnamak” kafedrasy döredildi.
  • 1994 ýylda “Medeniýeti öwreniş we çeper döredijilik” fakultetiniň ady “Medeni miras” fakulteti  diýlip üýtgedildi.
  • 2005-nji ýylda “Kitaphanaçylyk we muzeý işi” fakultetiniň düzüminde “Muzeý öwreniş we arhiw işi”  kafedrasy döredildi.
  • 2006-njy ýylda “Medeni gymmatlyklary rejeleýiş” kafedrasy açyldy.
  • 2019-njy ýylda Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýulynda çykaran karary boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Syýahatçylyk” fakulteti Türkmenistanyň döwlet medeniýet institutynyň düzümine geçirildi we 2019-njy ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap, bu ýerde işe başlady. 
Türkmen döwlet medeniýet institutynda häzirki wagtda onlarça halypa mugallymlar zähmet çekýär.
Döredilen wagtyndan bäri Türkmen döwlet medeniýet institutyny 2000-e golaý uçurym tamamlady we hünär ugurlary boýunça iş ýerlerine ugradyldy. Bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň ýüzlerçesi medeniýet ulgamynyň dürli edaralarynda jogapkärçilikli we netijeli zähmet çekýärler. Ýüzlerçe uçurym ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat ussatlary bolup ýetişdiler. Olar Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri we onlarça döwlet sylaglarynyň eýeleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileridir.
Häzirki wagtda institutda “Teatr sungaty”, “Medeni miras”, “Kitaphanaçylyk”,  ”Syýahatçylyk” fakultetleri hereket edýär.

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm