MILLI KINO SUNGATYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ
ÇEPER KEŞBI
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW:
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
şahsyýetini, baý mazmunly goşgularyny dünýä
ýaýmakda professor-mugallymlaryň, edebiýarçylaryň,
döredijilik işgärleriniň hyzmaty örän uludyr.
Üç asyryň dowamynda setirleri halklaryň kalbyna lukman bolan dana Pyragynyň ömri we döredijiligi tutuş döredijilik äleminde täze bir eýýama öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýik akyldaryň at-abraýynyň, täsin döredijiliginiň bütin dünýäde giňden öwrenilmegi üçin ägirt uly tagallalary edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy söýüjilikli, ynsanperwer syýasatlarynyň, pähim-parasatly çözgütleriniň netijesinde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk senesi 2024-nji ýylda ýurdumyzda uly baýram edilip bellenilýär. Şu şanly sene bilen baglanyşykly buşluk habarlar türkmen medeniýetiniň taryhyny buýsandyryjy wakalara besledi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan hem 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şu we beýleki halkara derejeli toplumlaýyn dabaralar, forumlar we maslahatlar akyldar şahyryň adyny ebedileşdirýär, kemally şygryýetiniň täsirini beýgeldýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir»2 diýip, şahyryň halk arasyndaky hormatyna belent baha berýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen kino sungatynyň wekilleriniň döredijiliginde hem aýratyn orun eýeleýär. XX asyryň türkmen kinematografiýasy şahyr hakyndaky filmlere uly ähmiýet beripdir. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini beýan edýän ilkinji çeper filmleriň biri 1968-nji ýylda ussat kinorežissýor Alty Garlyýew tarapyndan surata düşürilýär. Kino sungatyny öwreniji G. Hümmedowyň ýatlamagyna görä, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başlarynda şahyryň doglan gününiň senesi boýunça çäreler amala aşyrylýar. Ýöne režissýor Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ruhy dünýäsini ýeterlik derejede öwrenmek, filmde mynasyp ýüze çykarmak maksady bilen filmiň edebi esasyny (ssenariýasyny) taýýarlamaga köp wagt sarp edipdir. Filmiň edebi esasyny Alty Garlyýew we Moskwanyň M. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlan ssenarist Haýytmuhammet Ýakubow ýazypdyr. «Magtymguly» filminiň baş operatory Anatoliý Karpuhin. Kompozitory Nury Halmämmedow. Filmde baş keşbi – Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllük janlandyrýar. Filmiň edebi, ylmy maslahatçysy alym Mäti Kösäýew bolupdyr. Halk şahyrynyň il-gününiň ykbaly bilen bir jan – bir ten bolşuny beýan edýän bu film köp ýyllaryň dowamynda kino tomaşaçylarynyň söýgüli filmleriniň biri bolup ýaşaýar. Film taryhy, terjimehal eser hökmünde häsiýetlendirilýär.
1984-nji ýylda kinorežissýor Hojaguly Narlyýew «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» atly çeper filmi surata düşürýär. Drama, terjimehal görnüşli filmiň edebi esasyny ýazyjy Gylyç Kulyýew, kinorežissýor Bulat Mansurow we Hojaguly Narlyýewiň özi ýazypdyrlar. Filmiň operatorlary Osman Saparow, Öwez Welmyradow. Filmiň sazyny kompozitor Rejep Rejepow ýazýar. 1984-nji ýylyň 1-nji iýulynda filmiň ilkinji görkezilişi bolupdyr. Filmde esasy keşpleri sazanda Annaseýit Annamyradow, artist Sona Penaýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Baba Annanow, Oraz Amangeldiýew, Artyk Jallyýew we aktýor Aman Rahmanow dagylar janlandyrýar.
2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde kinorežissýor Myrat Orazow tarapyndan «Magtymguly» atly çeper film surata düşürilýär. Filmde şahyryň çagalyk döwri, Döwletmämmet Azadynyň keşbi örän inçelik bilen beýan edilýär. Atasynyň ogluna ilkinji bilim-terbiýäni berşi, milli däp-dessurlar beýan edilýär. Film Hywada we beýleki gözel ýerlerde surata düşürilipdir. Şahyryň berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary hem filmiň mazmunynda öz beýanyny tapypdyr. Filmde Magtymgulynyň keşbini Türkmenistanyň halk bagşysy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň ýuwlugy Söhbet Annamyradow janlandyrýar. Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Oraz Amangeldiýew döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmek boýunça giň gerimli taslamalara badalga berildi. Şol taslamalaryň, meýilnamalaýyn çäreleriň toplumy Magtymguly Pyragynyň adyny has-da şöhratlandyrdy.
2022-nji ýylda ýaş režissýor Arslan Eýeberdiýew tarapyndan Magtymguly Pyragynyň «At istärin» goşgusynyň esasynda «Istärin» filmi surata düşürilýär. Filmiň baş operatory Pälwan Geldiýew. Bu ýaş döredijilik işgärleriniň ady soňky ýyllarda dürli žanrda döredilýän ekran eserlerinde köp tutulýar. Olaryň döredijilik sanawyny täze-täze usullardaky döwrebap eserler barha uzaldýar. Film nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «At istärin» atly şygrynyň täsin interpetasiýasyny döretmäge synanyşykdyr. Filmiň wakasy ýigriminji asyryň otuzynjy ýyllarynyň mekdep okuwçylarynyň mugallymynyň yzy bilen on sekizinji asyryň wakalaryna, ussat şahyryň bir goşgusynyň üsti bilen onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerine aralaşyşyny suratlandyrýar. Kinofilmde Magtymguly Pyragynyň dürli ýaşdaky keşbini Türkmenistanyň halk artisti Nury Allaberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, ýaş artist Mekan Kurdow, Orazdurdy mugallymyň keşbini ýaş artist Annadurdy Täşliýew dagy ussatlyk bilen janlandyrýarlar. Bu filmde halkyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde mugallymlaryň irginsiz zähmeti, watançylyk duýgulary beýan edilýär. Şahyryň ömri hakyndaky ýaşlaryň gyzyklanmalary täsin şekilde suratlandyrylýar. Filmiň üsti bilen mekdep okuwçylarynyň birnäçesi özlerinde täze ukyplary açdylar. Eser türkmen halkynyň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bolan hormatynyň, söýgüsiniň mizemezdigini nobatdaky gezek subut edýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli surata düşürilen bu çeper filmiň döredijilik topary bilen söhbetdeş bolmak maksady bilen halypalara ýüzlendik. Şonda şahyryň gojalyk döwrüni janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Nury Allaberdiýew Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmegiň çetin işdigini, onuň gudratly şygryýetini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyň zerurdygyna ünsi çekip, hyjuwly türkmen ýaşlarynyň bu ugurda irginsiz kämilleşýändiklerini guwanç bilen belledi.
Eser hakynda onda baş gahrymanyň keşbini döreden Annadurdy Täşliýew bilen söhbetdeş bolduk. Ol özüniň täze işi barada täsirlenmelerini uly höwes bilen paýlaşdy:
Filmiň edebi esasy bilen tanşyp, ilki filmiň baş gahrymany Orazdurdy mugallymyň keşbini döretmekden boýun gaçyrdym. Döredijilik topary bilen gaýtadan görüşmeli bolduk. Iş däl-de, keşbiň çylşyrymlylygy, Magtymguly atamyzyň döredijiligi barada söz açylmagy meni birbada oýlandyrdy. Edebi esasy täzeden okadym. Öýde maşgala agzalarym, işde kärdeşlerim bilen maslahatlaşdym. Şeýlelikde, örän agzybir döredijilik toparymyz bilen birjik-de eglenmän, täze bir eseri döretdik. Film doly taýýar bolanyndan soňra, şeýle keşbi döredendigime begendim.
Filmiň baş režissýory Arslan Eýeberdiýew filmiň döremeginiň esasy sebäbini döwrümiziň täze mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrýar. Filmiň aýratynlyklaryny täzeçil gözlegler bilen häsiýetlendirýär:
Iki taryhy döwri baglanyşdyrmak biziň üçin täze synanyşyk boldy. Biz şahyryň «At istärin» goşgusynda biziň bagtyýar şu günümiziň çyn arzuwyny görýäris. Hut bir şygryň mysalynda akyldar şahyryň ömrüni, döwrüni – tutuş terjimehalyny, dünýäni görşüni aňlatmaga çalyşdyk hem-de wakany kinematografiýanyň şahyrana dili bilen beýan etmäge synanyşdyk. Ýigriminji asyryň 30-njy ýyllarynyň çagalary mugallymyň gürrüňiniň üsti bilen geçmişe syýahat edýärler. Hyýal bilen hakykat sepleşip, ýaş okuwçylar Magtymguly atamyzyň döredijiligine täze nazaryýet bilen garaýarlar. Biz häzirki wagtda sebit ýurtlarynyň birnäçesinde geçirilen halkara festiwallara gatnaşdyk, baýrakly orunlara mynasyp bolduk. Filmiň ýene bir aýratynlygy onuň köp böleginiň pawilýonda we örän gysga wagtda surata düşürilmegidir. Milli kino sungatymyzy ösdürmek, kämilleşdirmek babatynda döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleri, türkmen kino sungatyny dünýä çykarmak babatda berýän goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Häzirki wagtda hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dokumental, doly we gysga göwrümli çeper filmleriň birnäçesi surata düşürilýär. Soňky dokumental filmleriň aglabasy ýurdumyzyň welaýatlarynda we daşary ýurtlarda alnyp, doganlyk halklaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan sarpasy hakyndadyr.
Magtymguly Pyragynyň ömrüne bagyşlanan gymmatlyklar hakynda 2023-nji ýylda «Meňliniň ýüzügi» atly çeper-publisistik film surata düşürildi we bu filmiň awtorlyk, režissýorlyk işini amala aşyrmak meniň özüme miýesser etdi. Film şahyryň dogduk mekany, Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy muzeýiniň eksponatlary hakynda boldy. Syýahat hem zyýarat maksady bilen watandaşlarymyzyň iň köp gelim-gidimli ýeri bolan muzeýde akyldar şahyryň döwri, ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly hasaplanylýan gymmatlyklar, maglumat çeşmeleri – ýazgylar, suratlar saklanylýar. Şonda «Meňliniň ýüzügi», «Zübeýdanyň çäýnegi» diýip atlandyrylan eksponatlar döredijilik toparynyň ünsüni özüne çekdi. Şeýlelik bilen, bu ýüzügiň taryhy hakyndaky gözlegler başlandy. Filmi surata düşürmek üçin ýurdumyzyň sungaty öwrenijileri Azat Annaýew, Käkilik Öwezberdiýewa, alymlar Rahmanberdi Godarow, Araznepes Mämmetjumaýew dagy bilen söhbetdeş bolundy we olardan alnan zerur maglumatlar filmiň dowamynda peýdalanyldy. Filmiň surata düşürilýän döwri Magtymguly Pyragy muzeýiniň işgärleriniň, ýerli ýaşaýjylaryň işjeňlik görkezmegi filmiň şowly çykmagyna öz täsirini ýetirdi.
Çeper-publisistik filmiň aýratynlyklaryna laýyklykda, filmde çeper sahnalar hem surata düşürildi. Şeýlelikde, Magtymgulynyň juwanlyk döwrüniň keşbini ýerine ýetirmek üçin artist Hojanepes Ýagşymyradow, Meňliniň keşbini ýerine ýetirmek üçin bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgözel Atahanowa ynanyldy. Magtymgulynyň şygyrlaryny Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow okady. Bu hem filmiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ussat halypa şahyryň keşbini döretmegiň aýratynlygy dogrusyndaky tejribelerini sungatyň düýpsüz ummanyna deňeýär:
Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy. Onuň goşgularyny her gezek okanyňda özüňde täze şahsyýeti açýarsyň. Teatr sahnasy bilen birlikde filmde Pyragynyň keşbini döretmek, oňa ses bermek täsin dünýä gaýta-gaýta aralaşmak bolup durýar. Bu filmiň döredijilik işine gatnaşmak hem bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Işiň barşynda döredijilik äleminiň ýaňyja gyrasyndan ätlän ýaşlara iş tejribesinden maslahatlary berdik. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi diýseň buýsançly.
Meňliniň taryhy we tarypy hemişe gyzykly bolupdy, häzir hem bu gürrüňler ünsden düşmeýär. Şahyryň aýralyk hakyndaky setirleri Meňli gyz baradaky rowaýatlary, maglumatlary öwrenmäge itergi berýär:
-Ili – gökleň, ady – Meňli,
Näzli dildardan aýryldym...3
Rus gündogarşynasy Wasiliý Bartoldyň: «Bütin Merkezi Aziýa halklarynyñ arasynda diňe türkmenlerde milli şahyr bolupdyr, ol-da Magtymgulydyr»4 diýen sözleri, eýýäm XIX asyrda şahyryň mertebesiniň näderejede belent bolandygyny ykrar edýän hakykatdyr. Şonuň üçin onuň Watan ykbaly bilen birlikde öz ykbaly – Meňli hakyndaky heserlenmeleri edebiýatçylaryň baky üns merkezinde bolmagynda galýar.
Şahyryň gowşup bilmedik bagty barada 1957-nji ýylda Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysyndan ýazylyp alnan şeýle gysgajyk rowaýat bar:
«Magtymguly ýaşlygynda bir gyzy söýüpdir, emma ara başga bir adam düşýär. Ol adamyň adyna Şyhym diýer ekenler. Şyhym ol gyzy alypdyr, emma ondan hiç perzent önmändir. Magtymguly Şyhyma bagyşlap, «Ýary ýardan aýranyň» adyndan 7-8 bentden ybarat teýeneli goşgy düzenmiş»5.
-Şyhym saňa duşmandyr,
Ýary ýardan aýyran.
Soňy saňa puşmandyr,
Ýary ýardan aýyran6.
Araznepes Mämmetjumaýew Pyragynyň zergär bolandygyny tassyklamak bilen, onuň 20-den gowrak goşgularynda diňe Meňli gyzyň adynyň gaýtalanýandygyna ünsi çekýär.
-Ýüwrük ýetmez uzagyna
Düşdüm pelek duzagyna
Meňli gyzyň ýüzügine
Gaşlar goýsam kümüş bile7.
Oba adamlarynyň aýtmagyna görä, Meňliniň gupbasynyň otagasy bolupdyr. Şol otaga bilen hem Meňli oba gyzlaryndan saýlanypdyr. Şahyr Meňliniň uzakdan gyzlar bilen suwa barşyny synlap, onuň gözelligini wasp edip, goşgy düzüpdir:
-Meňli hanym golun dişläp,
Bizden ki uýat eýleýir8.
ýa-da:
Magtymguly gözlerime,
Ýeke Meňli han görüner9.
Çeper-publisistik filmiň dowamynda öwrenilen wakalar ýaş aktýorlarda uly täsir galdyrdy. Bu barada Hojanepes Ýagşymyradow: «Öň kinorežissýor O. Orazowyň «Törebeg hanym» filminde baş gahryman Seýidiň, «Şaýly gelin» komediýasynda baş gahryman Hojanyň keşbini döretmek miýesser etdi. Ýöne Magtymguly Pyragynyň ýaşlygyny janlandyrmak diýseň çylşyrymly hem jogapkärli göründi. Köp ýyldan soňra maňa şeýle teklibiň edilmegi maşgalamda uly gyzyklanma döretdi. Uly oglumyň «şahyryň keşbini janlandyrmak bagt» diýen sözleri maňa has-da uly täsir etdi. Şahyryň lybasyny geýip, bir pursatlyk şol keşpde bolmagyň özi uly bagt!» diýip buýsanjyny beýan etdi.
Talyp gyz Aýgözel Atahanowa üçin hem bu filme gatnaşmak tapylgysyz tejribe boldy: «Maňa ilkinji gezek halypalar bilen bilelikde uly göwrümli taslamada işlemek miýesser etdi. Bu kino surata düşmek babatda ilkinji tejribämdi. Mundan öň birdir iki şekilli aýdymlarda surata düşüp görüpdim. Kino eseriniň surata düşürilişi düýbünden başgaça ekeni. Galyberse-de, maňa Meňli gyzyň keşbiniň ynanylmagy aýratyn ýakymly boldy. Filmiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada özümiz üçin täze gyzykly maglumatlary açdyk...».
Magtymguly Pyragy hakynda döredilen filmlere gatnaşan ýaş aktýorlaryň, döredijilik işgärleriniň her biri döredijilik işinden özi üçin täze dünýäni açýar. Bu ädim şahyryň syrly älemine syýahata çagyrýar. Çylşyrymlylykdan sadalyga, tümlükden ýagtylyga çykarýar. Köňül ýagtylygy okyjyny täze belentlige göterýär. Ynsany ruhy taýdan özgerdýän şahyryň döredijiliginiň syrlaryny tirýän ylmy monografiýalar, dürli görnüşdäki täzeden-täze sungat eserleri türkmen ylmynyň we sungatynyň goruny baýlaşdyrýar.
Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda iňňän uly taslamalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüregimizde, dilimizde soňsuz sena ýaňlanýar.
Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym bölüminiň başlygy,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.
Peýdalanylan edebiýatlar:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy. Mugallymlar gazeti. – A., 12.02. 2014, 2s.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow.Ynsan kalbynyň öçmejek nury. – Aşgabat, 2014, 10s.
3. Magtymguly. Saýlanan eserler. – Aşgabat, 1976, 62s.
4. Бартольд В. Тюрки. 12 лекций по истории тюркских народов Средней Азии. М., 2019 155стр.
5. Akyl hazynasy – Aşgabat, 2023, 43s.
6. Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – Aşgabat, 2013, 190s.
7. Şol ýerde 178s.
8. Şol ýerde 171s.
9. Magtymguly. Eserler ýygyndysy II jilt. – Aşgabat, 2013, 395s.